Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gysga döwürde paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde iň häzirki zaman, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, keseli anyklaýyş merkezleri, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy.
Gahryman Arkadagymyz häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazanylanlary üstüne goşmak bilen, köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmeniň dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly ylmy işini, olaryň melhemlik häsiýetlerini «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň üsti bilen giň okyjylar köpçüligine ýetirýär.
Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilip, türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýetini ylmy taýdan esaslandyrýar hem-de bejerijilik ähmiýetini açyp görkezýär. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň halk lukmançylygynda müňlerçe görnüşi peýdalanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara, ýygnaýjylara we ösümlik dünýäsi bilen iş alyp barýan ähli adamlara dermanlyk ösümlikler baradaky bilimlerini baýlaşdyrmak, ösümlikleriň daşky gurluşy, ösüş şertleri, himiki düzümi, lukmançylykda peýdalanylyşy, ýygnamagyň möhleti hem-de usullary, saklamagyň düzgünleri dogrusyndaky ylmy maglumatlary ýetirmek bolup durýar.
Okyjy dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça, rusça sözlügi, dermanlyk çig mallaryny ýygnamagyň senenamasy bilen tanşyp biler. Senenamada ösümlikleriň ady, olaryň köküni, ýapragyny, gülüni, miwesini, şahasyny, gabygyny haýsy aýda ýygnamalydygy görkezilipdir. Saklanyş möhletiniň giňden düşnükli edip beýan edilmegi bolsa, ylmy eseriň täsirliligini artdyrýar.
Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik kitabyň täze jildiniň üsti bilen okyjylar ýabany ösümlikler bilen ylmy nukdaýnazardan tanşyp bilýärler.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.