Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de tu­tum­ly iş­ler we be­ýik öz­gert­me­ler ama­la aşy­ry­lyp, zäh­met­sö­ýer hal­ky­my­zyň, şol san­da ýaş ne­sil­le­riň eş­ret­li dur­mu­şy­nyň hö­zi­ri­ni gö­rüp, bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy, ýo­ka­ry hü­när­li bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ala­da­sy­na eý­le­nen bu asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň hö­zi­ri­ni türk­men ýaş­la­ry dur­mu­şyň her bir ädi­min­de du­ýup ýa­şa­ýar­lar. Tä­ze gur­lan bi­lim ojak­la­ryn­da so­wat öw­re­nip, hü­när oku­wyn­da aňy­ny tap­lap, önüm­çi­lik iş usul­la­ry­ny bir­kem­siz öz­leş­dir­ýän kä­mil ne­sil­ler dür­li pu­dak­lar­da üs­tün­lik­li zäh­met çek­ýär­ler.
Ata-ba­ba­la­ry­myz şu gün­ki hem gel­jek­ki ne­sil­le­re ha­lal­lyk ýo­lu­ny, edep-ter­bi­ýä­ni gym­mat­ly mi­ras gal­dy­ryp­dyr­lar. Pe­der­ler­den do­wam edip gel­ýän asyl­ly­lyk, ha­lal­lyk, dog­dyk me­ka­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za ag­zy­bir­lik, ýo­lu­my­za we­pa­ly­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik ýa­ly aja­ýyp ýö­rel­ge­le­ri ýaş­la­ryň aňy­na guý­mak döw­rü­mi­ziň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Ata-ba­ba­la­ry­myz wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik, ba­tyr­lyk, ha­lal­lyk ýa­ly ter­bi­ýe­çi­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni ça­ga­nyň kal­by­na gu­ýup­dyr­lar. Türk­men hal­ky­nyň edep ka­da­la­ry türk­men nes­li üçin nus­ga­dyr, gö­rüm-gö­rel­de­dir, ýol-ýö­rel­ge­dir. Türk­men hal­ky öz per­zent­le­ri­niň bag­ty­ýar, has kä­mil bol­ma­gy­ny is­läp, ne­sil­le­riň aňy­na edep ka­da­la­ry­ny guý­ma­gyň dür­li ýol­la­ry­ny ag­ta­ryp­dyr­lar.
Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi mil­li ter­bi­ýä­niň göz­ba­şy­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň halk paý­ha­syn­dan ke­mal ta­pan dö­re­di­ji­li­gi ýaş nes­liň pe­der­le­ri­mi­ziň ru­hy ýö­rel­ge­le­ri­ne we­pa­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin pa­ra­sat­ly öwüt-ün­dew­le­ri özün­de jem­läp, yn­sa­nyň is­len­dik me­se­le­de paý­has­ly he­re­ket et­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy, kä­mil­li­ge ta­rap her ki­miň özü­niň ym­tyl­ma­ly­dy­gy ün­del­ýär.
Wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si ne­sil­ler­de geç­mi­şi­ne, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­den me­de­ni­ýe­ti­ne, be­re­ket­li top­ra­gy­na, me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na buý­sanç duý­gu­sy­ny eme­le ge­tir­mek­dir. Dog­ru­çyl­lyk örän mö­hüm hä­si­ýe­te eýe bo­lup, yn­sa­ny be­ze­ýän be­lent adam­kär­çi­li­giň ah­lak sy­pat­la­ry­dyr. Ýaş­la­ryň iň go­wy duý­gu­la­ry­nyň bi­ri dost­luk, bi­rek-bi­re­ge we­pa­ly­lyk­dyr. Ile ýag­şy­lyk et­mek bol­sa ýaş­la­ra uly hor­mat ge­tir­ýär. Bu ba­ra­da akyl­dar şa­hyr ýag­şy­ly­gyň yn­sa­nyň mer­te­be­si­ni beý­geld­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar.
Edep-ter­bi­ýä­niň il­ki maş­ga­la­da öw­re­dil­ýär. Ata-ene per­zen­diň «dur­muş ha­ly­pa­sy» ha­sap­lan­ýar. Pä­him­dar ata-ba­ba­la­ry­myz ter­bi­ýe­li ça­ga­ny mi­we­li ba­ga meň­ze­dip­dir­ler. Ter­bi­ýe­li per­zent, gö­ýä mi­we­li da­ragt ýa­ly, il-gü­ne he­ma­ýat sa­ýa­sy­ny sal­ýar. Ata – maş­ga­la­nyň ga­la­sy, ene – oja­gyň sü­tü­ni ha­sap edil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­sy bi­len dö­re­di­len aja­ýyp ki­tap­la­ryn­da hem maş­ga­la oja­gy, ze­nan mer­te­be­si, enä­niň maş­ga­la­da­ky or­ny, mu­kad­des­li­gi gi­ňiş­le­ýin açy­lyp gör­ke­zil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, my­na­syp nes­li ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Or­ta mek­dep­ler­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ýö­ri­te zäh­met sa­pak­la­ryn­dan og­lan­la­ra us­sa­çy­lyk iş­le­ri­niň, gyz­la­ra bol­sa, ene-ma­ma­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan el iş­le­ri­niň we aş­pez­lik sun­ga­ty­nyň öw­re­dil­me­gi­niň hem, ýaş­la­ry­my­zy ter­bi­ýe­le­mek­de uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Bu ýaş­la­ryň Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si­ni has-da ber­ki­dip, gel­je­ge bo­lan yna­my­ny art­dyr­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öwüt-ün­dew­le­rin­den ugur alyp, ýaş­la­ry­my­zy asyl­ly­lyk, ha­lal­lyk, Wa­ta­na we­pa­ly­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik ýa­ly ýö­rel­ge­ler bi­len ter­bi­ýe­le­mek döw­rü­mi­ziň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Hut şo­nuň üçin hem her bir maş­ga­la­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, me­de­ni­ýet, bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň bor­jy ede­bi mi­ra­sy­myz­dan, şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­dan, mil­li däp-des­sur­la­ry­myz­dan ugur alyp, ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi döw­re­bap ter­bi­ýe­le­mek­den yba­rat­dyr.

Gy­zyl­gül AN­NA­ÝA­RO­WA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.