Köp­lenç gan ba­sy­şy ýo­kar­la­nan­da, ýat­maz­dan öň we dart­gyn­ly pur­sat­lar­da içil­ýän li­mon şi­re­si sy­ky­lan suw sag­lyk üçin peý­da­ly­my ýa-da zy­ýan­ly di­ýen so­rag köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Di­lim­le­nen li­mon ga­ryş­dy­ry­lan aras­sa suw ra­hat­lan­dy­ry­jy we ser­gin­le­di­ji iç­gi­dir. Li­mon­ly su­wy ýag­da­ýa gö­rä iç­mek sag­lyk üçin peý­da­ly­dyr. Ýö­ne ar­tyk­maç muk­dar­da li­mon go­şu­lan suw içi­len­de be­de­ne zy­ýan ýe­ti­rip hem bi­ler.
Li­mon­ly su­wuň peý­da­sy:
Bil­şi­miz ýa­ly, li­mon C wi­ta­mi­niň çeş­me­si­dir. Li­mon şi­re­si sy­ky­lan suw im­mu­ni­te­ti ber­kid­ýär, iý­mit siň­di­ri­şi ýe­ňil­leş­di­rip, sus­su­pes­lik we iç­gys­ma ýa­ly ala­mat­la­ry ara­dan aýyr­ýar. Mun­dan baş­ga-da, li­mon­ly suw gan ba­sy­şy­ny pe­selt­mä­ge, ýü­rek sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, be­den­de kol­la­gen önüm­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dy­ryp, de­ri­ni ýaş we çe­ýe sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ka­li­niň baý çeş­me­si bo­lan li­mon­ly suw böw­rek­de da­şyň dö­re­me­gi­niň we ýo­kanç­lyk­la­ryň öňü­ni alyp, aýak­da­ky gu­ra­gy­ry ala­mat­la­ry­ny azald­ýar. Şeý­le hem be­de­ni tok­sin­ler­den aras­sa­lap, er­kin ra­di­kal­la­ra gar­şy gö­reş­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Li­mon­ly su­wuň zy­ýa­ny:
Köp ta­rap­dan peý­da­ly ha­sap­lan­ýan li­mon­ly suw dü­zü­min­de kis­lo­ta sak­la­ýan­dy­gy se­bäp­li, kä­bir ýag­daý­lar­da zy­ýan­ly hem bo­lup bi­ler. Li­mon­ly su­wy köp iç­mek, il­ki bi­len, diş üçin zy­ýan­ly bo­lup, dür­li gy­jyn­ma­la­ry dö­re­dip bi­ler. Aş­ga­zan kis­lo­ta­sy­nyň kö­pel­me­gi­ne se­bäp bol­ýan li­mon­ly suw içe­ge­de we aş­ga­zan­da ýa­ra­nyň dö­re­me­gi­, gast­rit ýa­ly çyn­la­kaý me­se­le­le­ri dö­re­dip bi­ler. Li­mon­ly suw böw­re­gi aras­sa­la­ýan­dy­gy se­bäp­li, be­den­de suw ýet­mez­çi­li­gi­ne ge­ti­rip bi­ler. Li­mon­ly suw be­den­de dem­riň siň­di­ril­me­gi­ne tä­sir edip, de­mir ýet­mez­çi­li­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler. Şeý­le hem di­lim­le­nen li­mon ok­la­nan suw kä­te al­ler­gi­ýa hem se­bäp bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­da ha­ýal et­män, maş­ga­la luk­ma­ny­na ýüz tu­tmaly.
Li­mon­ly suw hor­lan­maga ýardam edýär
Be­de­niň alyş-çal­şy­gy­ny güýç­len­dir­ýän li­mon­ly suw ka­lo­ri­ýa ýak­ma­ga peý­da­ly bo­lup, hor­lan­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Esa­san hem, na­har­dan öň bir bul­gur li­mon­ly suw iç­mek iý­ýän iý­mi­ti­ňi­ziň muk­da­ry­ny azalt­mak­da mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Li­mon­ly su­wy ha­çan iç­me­li?
Haý­sy mak­sat­ bilen iç­ýän­di­gi­ňe (hor­lan­mak, iýe­ni­ňi siň­dir­mek, ra­hat­lan­dyr­mak) bag­ly­lyk­da, li­mon­ly su­wy ir­den tu­ran ba­dy­ňa, na­har­dan soň ýa-da ýat­maz­dan öň içip bo­lar. Ir­den aç gar­na li­mon­ly suw iç­mek be­den­den ar­tyk­maç ga­lyn­dy­la­ry aýyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Na­har­dan soň li­mon­ly suw iç­mek iýe­ni­ňi siň­dir­mä­ge, içe­ge­le­riň ka­da­ly iş­le­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Ýat­maz­dan öň bir bul­gur li­mon­ly suw iç­mek dart­gyn­ly­ly­gy aý­ryp, ra­hat we ka­da­ly uky­ny üp­jün ed­ýär.