Duma Boko Botswananyň täze Prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada Respublikanyň baş kazysy Terrens Rannowane habar berdi.
54 ýaşly Boko parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan “Demokratik özgerişlikleriň goragynda” (DDC) bileleşiginiň lideridir. “Demokratik özgerişlikleriň goragynda” bileleşigi eýýäm Milli assambleýada (bir palataly) 35 orna eýe boldy we bu ýagdaý bileleşige absolýut köplük berýär. Beýleki iki bäsdeş partiýa gowy netijeleri görkezdi. Botswana demokratik partiýasy şu wagta çenli dört orny eýeledi.
Botswananyň häzirki Prezidenti we Botswana demokratik partiýasynyň lideri Mokgwitsi Masisi öz partiýasynyň ýeňilendigini boýun aldy. Masisi işinden çekilýändigini habar berdi.
Botswananyň Prezidenti parlament agzalarynyň ýönekeý köplügi bilen saýlanýar. 30-njy oktýabrda geçirilen kanun çykaryjy edaranyň saýlawlaryna alty partiýa gatnaşdy. Şol bir wagtyň özünde, olaryň dördüsi saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, prezidentlige dalaşgärlerini hödürledi.