2-nji no­ýabr­da Sag­lyk ýo­lun­da gu­ra­lan köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş ta­mam­la­nan­dan soň­ra, hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ýe­ňi­ji bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak hem-de Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da Sag­lyk ýo­lu­ny yl­gap geç­mek bo­ýun­ça ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­le­ri­ne baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Oňa Mej­li­siň Baş­ly­gy, Hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, tür­gen­ler, ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ýe­ňi­ji bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­ne ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gut­la­gyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­nyň be­lent de­re­je­le­re ýe­ten­di­gi­ni bel­le­di.
Çä­rä­niň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­niň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da Sag­lyk ýo­lu­ny yl­gap geç­mek bo­ýun­ça gu­ra­lan ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­le­ri­ne ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Soň­ra köp san­ly gat­na­şy­jy­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ýe­ňi­ji bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­ne we ola­ryň tä­lim­çi­le­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hem-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler 3 – 5-nji maý ara­ly­gyn­da Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Du­şen­be şä­he­rin­de spor­tuň dzýu­do gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len «Dus­han­be Grand Slam – 2024» hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da, 31-nji mart – 11-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Phu­ket şä­he­rin­de spor­tuň agyr at­le­ti­ka gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len dün­ýä ku­bo­gyn­da, 22 – 26-njy maý­da Pe­ru Res­pub­li­ka­sy­nyň Li­ma şä­he­rin­de agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da­ky dün­ýä çem­pio­na­tyn­da, 22 – 30-njy sent­ýabr ara­ly­gyn­da Bru­neý Da­rus­sa­lam Döw­le­ti­niň Ban­dar Se­ri Be­ga­wan şä­he­rin­de spor­tuň uşu gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da­ky 9-njy dün­ýä çem­pio­na­tyn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Tür­gen­le­ri­miz 6 – 10-njy iýun ara­ly­gyn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Täh­ran şä­he­rin­de ku­raş bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da, 23-nji aw­gust – 1-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Weng­ri­ýa­nyň Bu­da­peşt şä­he­rin­de spor­tuň kik­bok­sing gör­nü­şi bo­ýun­ça ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da, 8 – 13-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Çar­wa­dar­la­ryň V bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da alyş hem-de ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça dür­li de­re­je­li me­dal­la­ry ga­zan­dy­lar. Şeý­le-de 29 — 31-nji mart ara­ly­gyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň An­tal­ýa şä­he­rin­de spor­tuň dzýu­do gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len “Uly tu­wul­ga” hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da, 25 – 29-njy ap­rel ara­ly­gyn­da Al­ba­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Dur­res şä­he­rin­de spor­tuň küşt gör­nü­şi bo­ýun­ça 8, 10 we 12 ýa­şa çen­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da, 19 – 28-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Is­pa­ni­ýa Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Le­on şä­he­rin­de spor­tuň agyr at­le­ti­ka gör­nü­şi bo­ýun­ça ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da, 1 – 4-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de spor­tuň boks gör­nü­şi bo­ýun­ça ulu­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýa­ryş­da, 20 – 26-njy iýun ara­ly­gyn­da Gru­zi­ýa­nyň Tbi­li­si şä­he­rin­de pa­ra­pauer­lif­ting bo­ýun­ça ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýa­ryş­da türk­men tür­gen­le­ri­niň üs­tün­lik­li çy­kyş eden­dik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek.
Er­kin gö­reş bo­ýun­ça 20 ýa­şa çen­li tür­gen­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lan Alp Ars­lan Be­gen­jo­wa hem-de agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lan Şah­zad­bek Mat­ýa­ku­bo­wa Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan “Toyo­ta Cam­ry V6” ky­sym­ly ýe­ňil aw­tou­lag­lar sow­gat be­ril­di.
Sy­lag­la­ra my­na­syp bo­lan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler hem-de dün­ýä­niň sport gi­ňiş­li­gin­de Wa­ta­ny­my­za mun­dan beý­läk-de my­na­syp we­kil­çi­lik et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.
Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ady­na Ýüz­len­me ka­bul et­di­ler.