Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän «Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk, se­na­gat, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi» at­ly mas­la­hat­da (CIET 2024) çy­kyş eden Uk­rai­na­nyň “In­ter­bud­mon­taž” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Wla­di­mir Pet­ruk Türk­me­nis­ta­nyň inf­rast­ruk­tu­ra ösüş­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ry hö­dür­le­di.
2001-nji ýyl­dan bä­ri Türk­me­nis­tan­da iş alyp bar­ýan uk­ra­in kom­pa­ni­ýa­sy ýur­du­myz­da iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär.
– Bi­ziň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­myz do­wam ed­ýär. Ýa­kyn gel­jek­de Aş­ga­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan ýe­ras­ty suw­la­ryň de­re­je­si­ni pe­selt­mek tas­la­ma­sy­nyň tä­ze tap­gyr­la­ry Gurt­ly-Kö­şi, Ço­gan­ly-Ga­ra­da­mak-Şor we beý­le­ki et­rap­lar bo­ýun­ça do­wam et­di­ri­ler – di­ýip, Pet­ruk bel­le­di.
Ol Aş­ga­bat üçin örän mö­hüm tas­la­ma­la­ryň bi­ri­ni, ýag­ny Aş­ga­bat­da met­ro gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy­dy­gy­ny bel­le­di. Onuň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Aş­ga­ba­dyň met­ro­sy amat­ly, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag çöz­gü­di we gel­jek­de “akyl­ly” Ar­ka­dag, Gök­de­pe we Änew şä­her­le­ri­ni paý­tagt Aş­ga­bat bi­len bir­leş­di­rer.
– Bu tas­la­ma­nyň pi­ki­ri we teh­no­lo­gik bö­le­gi üçin Ýa­po­ni­ýa­nyň “Su­mi­to­mo” kom­pa­ni­ýa­sy, ýa­pon met­ro as­so­sia­si­ýa­sy hem-de “K2” ger­man mas­la­hat be­riş to­pa­ry işe çe­kil­di. Bu­lar met­ro­nyň in­že­ner­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri iş­läp düz­dü­ler – di­ýip, Pet­ruk bel­läp geç­di.
Ýö­ne met­ro­nyň gur­lu­şy­gy tas­la­ma­sy­na köp wagt ze­rur bo­lup dur­ýar. Pet­ru­gyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, met­ro­nyň gur­lu­şy­gyn­dan kä­bir bö­lek­le­ri­niň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ne çen­li azyn­dan 10 ýyl ge­rek.
Uk­rai­na­nyň “In­ter­bud­mon­taž” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Wla­di­mir Pet­ruk Türk­me­nis­tan bi­len gel­jek­de-de hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny bel­le­di. Uk­ra­in kom­pa­ni­ýa­sy­nyň amat­ly şä­her gur­şa­wy­ny dö­ret­mek üçin özü­niň se­riş­de­le­ri­ni we ba­şar­nyk­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy.