4-nji no­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň IV gu­rul­ta­ýy ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döw­le­ti­mi­ziň giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de bu sy­ýa­sy gu­ra­ma­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu wa­ka my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­den we Ar­ka­dag şä­he­rin­den köp san­ly we­ki­li­ýet­ler – oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri Aş­ga­ba­da gel­di­ler. Şeý­le hem fo­ru­myň işi­ne Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.
Gu­rul­taý baş­la­maz­dan ozal, oňa gat­na­şy­jy­lar ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy­lar.
Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň ha­sa­ba­ty diň­le­nil­di hem-de gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Çy­kyş eden­ler oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­niň teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýän döw­let gol­da­wy­nyň, ägirt uly ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Oba ho­ja­lyk top­lu­my üçin döw­re­bap trak­tor­lar, kom­baýn­lar, ekiş gu­ral­la­ry we beý­le­ki teh­ni­ka­lar yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ýyl­da gol çe­ken Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2024-nji ýy­lyň ha­sy­lyn­dan baş­lap, bug­da­ýyň, pag­ta­nyň we şa­ly­nyň döw­let sa­tyn alyş ba­ha­la­ry ýo­kar­lan­dy­ryl­dy. Bu çä­re­ler oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­ma­ga uly iter­gi ber­mek bi­len, daý­han­la­ryň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­nyň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na tä­sir eder.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýer-suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne-de aý­ra­tyn üns ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny suw bi­len üp­jün et­mek, me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, to­hum­çy­lyk, seç­gi­çi­lik iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da önüm­çi­li­ge yl­myň we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ga­za­nan­la­ry­ny, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak we­zi­pe­le­ri göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ag­rar par­ti­ýa­nyň ag­za­la­ry­nyň jem­gy­ýet­çi­lik we sy­ýa­sy iş­le­re iş­jeň gat­naş­mak bi­len, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li iş­le­re, oňyn öz­gert­me­le­re iş­jeň go­şant goş­ma­ga ça­lyş­ýan­dyk­la­ry­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di.
Gu­rul­ta­ýyň do­wa­myn­da gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne hem ga­ral­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­lyk­ly­gy­na ozal bu par­ti­ýa­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­de iş­län A.Ak­mäm­me­dow saý­lan­dy.
Fo­ru­myň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ady­na Ýüz­len­me ka­bul edip, on­da döw­le­ti­mi­zi we jem­gy­ýe­ti­mi­zi yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi üçin ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler hem-de Wa­ta­ny­my­zy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­mak­da, oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak­da yh­las­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.