1-nji noýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Lihtenşteýniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Kristian Wenaweseriň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hemişelik wekiller iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny tassykladylar.
Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar BMG-niň gün tertibiniň Türkmenistan we Lihtenşteýn Knýazlygy üçin gyzyklanma bildirilýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň, halkara sport gatnaşyklarynyň ilerledilmegi we durnukly ösüş bilen baglanyşykly beýleki meselelere hem garaldy.