Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlary şol sanda milli bilim we ylym ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgama geçmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Beýleki pudaklar bilen bir hatarda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Ata-babalarymyzdan miras galan, milli binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze, nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi bu asylly işler netijeli dowam edilýär.
Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp Aşgabat
şäherinde geçirilýän halkara sergisiniň we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat,
energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatynyň geçirilýän döwründe,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan “Aşgabat – binagärlik
sungatynyň dürdänesi” atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi.
“Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi” atly ylmy makalalar ýygyndysy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň,
aspirantlarynyň, alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy makalalaryndan ybaratdyr.
Ýygyndyda neşir edilen makalalar ösüşlere, türkmen ylmynyň abraýyna goşant goşmaga we barlaglaryň netijelerini önümçilikde ornaşdyrmaga we okatmagyň usulyýetinde ulanmaga gönükdirilendir. Ýygyndydaky makalalar, esasan, binagärlik we gurluşyk, himiýa, ykdysadyýet pudaklary we beýleki ugurlaryň ylmy, taslama we önümçilik işgärlerine, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, aspirantlaryna, talyplaryna, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň başlygy.