1-nji no­ýab­r­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň bar­şyn­da Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan mak­sat­la­ry we we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len 2025–2026-njy ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça «Ýol kar­ta­sy» ka­bul edil­di. Res­mi­na­ma­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin çä­re­ler top­lu­my iş­le­nip dü­zül­di we tas­syk­la­nyl­dy.
2021-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň 26-njy mej­li­si­niň (COP-26) bar­şyn­da Türk­me­nis­tan Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy baş­lan­gy­jy­ny jik­me-jik öw­ren­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan bu ugur­da, şol san­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Hu­su­san-da, 2023-nji ýy­lyň iýu­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len 2023–2024-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy­na go­şul­mak me­se­le­si­ni öw­ren­mä­ge gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça «Ýol kar­ta­sy» tas­syk­la­nyl­dy, şeý­le hem Me­tan zy­ňyn­dy gaz­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­re­dil­di.
Ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de 2023-nji ýy­lyň 30-njy no­ýab­ry – 12-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da Du­baý şä­he­rin­de (BAE) ge­çi­ri­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­tyn­da (COP-28) Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy­na go­şul­ýan­dy­gy­ny res­mi taý­dan yg­lan et­di.
Ýo­kar­da ady ag­za­lan tä­ze «Ýol kar­ta­sy­nyň» we ony iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin çä­re­ler top­lu­my­nyň ka­bul edil­me­gi Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan hem aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
«Ýol kar­ta­sy» Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak we beý­le­ki de­giş­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le­lik bi­len, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry­na go­şant goş­mak ar­ka­ly 2030-njy ýy­la çen­li me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça pug­ta me­ýil­li­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­ýar.
Res­mi­na­ma hal­ka­ra hyz­mat­daş­lar, hu­su­san-da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­nyň Sek­re­ta­ria­ty, BMG-niň beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, ÝHHG, IRE­NA, Bü­tin­dün­ýä ban­ky, Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky, Ys­lam ösüş ban­ky, USAID, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry, ÝB-niň ýurt­la­ry we beý­le­ki­ler bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­tan BMG-niň Daş­ky gur­şaw mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de dö­re­di­len «MARS» at­ly san­ly plat­for­ma­nyň işi­ne iş­jeň gat­naş­ma­ga hem uly äh­mi­ýet ber­ýär.
«Ýol kar­ta­sy­ny» iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak üçin me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça 2025-2026-njy ýyl­lar­da çä­re­ler top­lu­my­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Hu­su­san-da, dür­li hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bi­le­lik­de yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ry, «te­ge­lek stol» du­şu­şyk­la­ry­ny, okuw sa­pak­la­ry­ny we beý­le­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek, bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mek ba­bat­da da­şa­ry ýurt­ly kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mek, in­no­wa­si­on we ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly ugur­daş ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek hem-de ulan­mak bo­ýun­ça teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy esas­lan­dyr­ma­la­ry taý­ýar­la­mak we beý­le­ki­ler göz öňün­de tu­tul­ýar.