8-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda hem ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyny aýtdy.