8-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, 16-njy noýabrda jemleýji dabarany, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.