8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç 10 ýyl mundan ozal — 2014-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolmagynda galýan we bütin dünýäde esasy hukuklardan, resmi taýdan ykrar edilmekden mahrum bolan, millionlarça adamyň ykbalyna täsir edýän raýatsyzlygy aradan aýyrmak üçin giň halkara hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde ýola goýuldy. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu ählumumy meseläni çözmekde öňdebaryjy orny eýeleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazananlary baradaky giňişleýin syn bilen tanyşdyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistanda kanunçylyk ulgamyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmekde we milli kanunçylygy kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp baryldy. Ýurdumyz ynsanperwer meseleler boýunça halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň birnäçesine, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Apatridleriň statusy hakynda, Bosgunlaryň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryna goşuldy. Bu resminamalar häzirki güne çenli raýatsyzlygyň öňüni almak boýunça hukuk ulgamyndaky halkara tagallalaryň binýady bolup hyzmat edýär. Olarda bellenen kadalar milli kanunçylyga, ýagny «Bosgunlar hakynda», «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyryldy hem-de ýurdumyzyň migrasiýa işiniň hukuk binýadyny berkitdi. Şeýlelikde, Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen subut edýär hem-de bu ynsanperwer meseläni çözmäge başlangyçly çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, raýatlygy bolmadyk adamlary ýüze çykarmak we hasaba almak boýunça birnäçe anyk çäreleri özünde jemleýän «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Soňky on ýylda ýurdumyzda halkara derejeli iri wekilçilikli forumlar, halkara maslahatlar we duşuşyklar guraldy, Hereketleriň ählumumy meýilnamasynyň çäklerinde giň gerimli ynsanperwerlik çäreleri geçirildi. Parasatly ata-babalarymyzyň adamkärçilik ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesi Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagtda olar Garaşsyz Watanymyzyň raýatlarynyň doly we mizemez hukuklaryna eýedirler. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1146-syna Türkmenistanyň pasportynyň gowşurylmagy ýurdumyzda raýatsyzlygyň soňuna çykmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistana BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasynyň gowşurylmagy hem raýatsyzlyk bilen bagly ählumumy meseläni çözmekde ýurdumyzyň goşandyna berlen ýokary baha boldy. Güwänamany BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy. Hanym R.Menikdiwela ýurdumyzy gazanan bu üstünligi bilen ýene-de bir gezek gutlap, Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak babatda tagallalaryna we durnukly ösüşde hiç kimiň yzda galmazlygyny üpjün etmäge üýtgewsiz ygrarly bolmagyna guramanyň ýokary baha berýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, sebitiň döwletleriniň gazanan üstünligi raýatlygy bolmadyk adamlar üçin çäreleriň toplumyndan ybaratdyr. Munuň özi geljekki nesiller üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk bilen bagly ähli meseleleri çözen dünýädäki ilkinji sebit bolup biljekdigi çaklanylýar. Raýatsyzlyga garşy göreşmek babatda tagallalar we borçnamalar BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan 14-nji oktýabrda işe goýberilen «#IBelong» başlangyjynyň anyk üstünlikleriniň esasynda Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ählumumy bileleşigiň çäklerinde dowam etdiriler. Türkmenistanyň bu meselede hem öňdebaryjylyk görkezip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup täze bileleşige goşulandygyny bellemek gerek.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem «Dogluşyň ählumumy hasaba alnyşy: sebitiň öňdebaryjy tejribesi», «Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemegiň tertibini kämilleşdirmek», «Raýatsyzlyk we ösüş: durnukly geljegi gurmak», «Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ählumumy bileleşigiň mümkinçiliklerini öwrenmek» atly mowzuklar boýunça pikir alyşmalar boldy.