8-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bos­gun­la­ryň işi ba­ra­da­ky Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň kö­mek­çi­si ha­nym Ru­wend­ri­ni Me­nik­di­we­la­ny ka­bul et­di.

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za BMG-niň Bos­gun­la­ryň işi ba­ra­da­ky Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň mü­dir­li­gi­niň de­giş­li gü­wä­na­ma­sy­ny gow­şur­dy we bu üs­tün­lik bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Res­mi­na­ma­da mü­dir­li­giň Türk­me­nis­tan­da ra­ýat­syz­ly­gy ara­dan aýyr­mak işin­de ga­za­nan uly üs­tün­lik­le­ri­ni yk­rar edip, ýur­du­myz­da hem­me­ler üçin ra­ýat­ly­ga bo­lan hu­kuk­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär.
Ha­nym R.Me­nik­di­we­la pur­sat­dan peý­da­la­nyp, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň hem-de BMG-niň Bos­gun­la­ryň işi ba­ra­da­ky Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry Fi­lip­po Gran­di­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, BMG-niň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi nyg­tal­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de BMG-niň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­za Türk­me­nis­tan­da ra­ýat­syz­ly­gy ara­dan aýyr­mak bo­ýun­ça ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri tas­syk­la­ýan de­giş­li gü­wä­na­ma­nyň be­ril­me­gi­niň we myh­ma­nyň sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da gat­naş­jak Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň mi­nistr­le­ri­niň ra­ýat­syz­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça mas­la­ha­ty­nyň Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň Bos­gun­la­ryň işi ba­ra­da­ky Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň mü­dir­li­gi­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm ädim bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.