Hä­zir­ki wagt­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry döw­let gu­ra­ma­la­ry­nyň, kom­pa­ni­ýa­la­ryň, te­le­ke­çi­li­gi ýö­ret­me­giň we «akyl­ly» şä­her­le­ri ös­dür­me­giň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýur­du­myz­da 2019 – 2025-nji ýyl­lar üçin San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek kon­sep­si­ýa­sy yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Her ýyl ge­çi­ril­ýän «Türk­men­tel» at­ly te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, te­le­met­ri­ýa, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we ýaý­lym en­jam­la­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra ser­gi­si ýur­du­myz­da te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar pu­da­gy­nyň tä­ze­lik­le­ri hem-de ugur­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Bu hal­ka­ra fo­rum se­bi­tiň mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar, in­no­wa­si­ýa­lar ug­run­da öza­ra pi­kir­le­ri, tej­ri­be­le­ri we iň tä­ze ga­za­ny­lan­la­ry alyş­mak üçin amat­ly meý­dan­ça­ny hö­dür­le­ýär.
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da hem 14–16-njy no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa, te­le­met­ri­ýa, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we te­le­ra­dio en­jam­la­ry bo­ýun­ça «Türk­men­tel-2024» at­ly XVII Hal­ka­ra ser­gi­si we yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler. Hal­ka­ra fo­ru­ma Türk­me­nis­tan­dan we da­şa­ry döw­let­ler­den alym­lar, bi­ler­men­ler hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri gat­na­şar­lar. San­ly ösüş ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan­la­ry gör­kez­mek we öň­de dur­ýan mak­sat­la­ry mas­la­hat­laş­mak, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ryň, hem­ra teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we ki­ber­howp­suz­ly­gyň gel­je­gi fo­ru­myň esa­sy mak­sat­la­ry­dyr. Çä­rä­niň çäk­le­rin­de «San­ly çöz­güt-2024» at­ly in­no­wa­si­on tas­la­ma­lar bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy hem ge­çi­ri­ler.

Ars­lan SE­ÝI­DOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.