Häzirki wagtda dünýäniň iň ýaşuly professional futbolçysy bolan ýaponiýaly Kazuýoşi Miura karýerasyny dowam etdirýär. Ol 40-njy möwsümi üçin Ýaponiýanyň 4-nji ligasynyň wekili “Atletiko Suzuka” toparynyň düzümine goşular. “Ýokohama FK” toparynyň oýunçysy bolan 57 ýaşyndaky Miura täze topary bilen kärendesine şertnama baglaşar. Bu barada The Athletic portaly Kyoda habarlar gullugyna salgylanyp habar berýär. Miura häzirki güne çenli 1986-njy ýyldan başlan karýerasynda Braziliýada, Italiýada, Horwatiýada, Awstraliýada, Portugaliýada hem-de öz ýurdy Ýaponiýada dürli klublarda çykyş etdi. Onuň milli toparda 89 oýunda 55 goly bar. Miura ozalky beýanatlarynyň birinde 60 ýaşa çenli karýerasyny dowam etdirmek isleýändigini aýdypdy. Weteran hüjümçi klublarda 802 oýunda 218 gol saldy.