Te­bi­gat özü­niň tä­sin gö­zel­lik­le­ri bi­len adam­za­dy ma­ýyl ed­ýär. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si bir­nä­çe men­zil ýol ge­çip te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri gör­mä­ge bar­ýan bol­sa, köp­ler şol owa­dan te­bi­ga­tyň gu­ja­gyn­da ýa­şa­ýar. Şeý­le gö­zel­lik­le­riň bi­ri hem Pe­ru­nyň (Gü­nor­ta Ame­ri­ka döw­le­ti) de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Ka­len­din we­la­ýa­ty­nyň Ka­ha­mar­ka şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «Cascada Velo de No­wia» şar­la­wu­gy­dyr. Uzak­dan se­re­de­niň­de toý ly­bas­ly gel­ne meň­ze­ýän bu şar­la­wuk ýur­duň ro­man­tik ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Köp­çü­li­giň ara­syn­da «Ge­lin şar­la­wu­gy» ady bi­len ta­nal­ýan bu gö­zel­lik ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. 2019-njy ýyl­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da iň meş­hur ýer­le­riň bi­ri­ne öw­rü­len «Ge­lin şar­la­wu­gy­nyň» be­ýik­li­gi 15 met­re ýet­ýär. Ka­ha­mar­ka da­gy­nyň de­pe­sin­den aşak­ly­gy­na in­ýän çeş­me ga­ýa­la­ryň ýü­zün­de ak toý ly­bas­ly gel­niň şe­ki­li­ni eme­le ge­tir­ýär. Çe­ki­len su­ra­ta meň­ze­ýän bu gö­zel­li­ge bar­mak üçin da­gyň be­ýik­li-pes­li de­pe­le­rin­den we kert ga­ýa­la­ryn­dan ge­çip, 2 sa­gat çe­me­si py­ýa­da ýö­re­me­li bol­ýar. Bar­ma­sy kyn bo­lan bu ýer ýy­lyň bel­li bir döw­rün­de sy­ýa­hat­çy­lar üçin çäk­len­di­ril­ýär. «Ge­lin şar­la­wu­gy­ny» wi­deo­şe­kil­ler we fo­to­su­rat­lar ar­ka­ly ýa­kyn­dan syn­lap bol­ýar.