Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (SPD) we garşydaş blogyň ýolbaşçylary Hristian demokratik we Hristian-sosial bileleşiginiň (CDU/CSU) ýolbaşçylary nobatdan daşary parlament saýlawlarynyň geçiriljek güni barada ylalaşdylar. Bundestagda hökümete ynam meselesi boýunça ses berişlik 16-njy dekabrda meýilleşdirilýär.
Germaniýada 2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bundestaga nobatdan daşary saýlawlar geçiriler. Bu sene SPD toparlarynyň ýolbaşçylary, garşydaş blogy CDU/CSU, şeýle hem “Union 90/ýaşyllar” partiýasynyň wekilleri tarapyndan tassyklandy.
Çünki Germaniýada 6-njy noýabrda Sosial-demokratlardan, Erkin demokratik partiýanyň (FDP) liberallaryndan we “ýaşyllardan” ybarat “ýol çyrasy koalisiýasynyň” işlerinde syýasy çökgünlik ýüze çykdy. Bu, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolsuň ýurduň býujeti bilen baglanyşykly meseleler sebäpli maliýe ministri Kristian Lindneri wezipesinden çetleşdirenden soň bolup geçdi. Bu ýagdaý Lindneriň Erkin demokratik partiýasyndaky (FDP) kärdeşleriniň hökümet wezipelerinden meýletin çekilmegine sebäp boldy.
Indi Kansler Şolsuň öz hökümetine bolan ynam meselesini 16-njy dekabrda Bundestagda sese goýmagyna garaşylýar. Bundestaga nobatdan daşary saýlawlaryň geçiriljek güni barada gutarnykly karary Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Staýnmaýew hem kabul etdi.