Tennis boýunça erkekleriň arasyndaky möwsümiň jemleýji ýaryşynda italiýaly Ýannik Sinner ýeňiji boldy. Ol ýurdunyň Turin şäherinde guralan 55-nji “ATP Finals” ýaryşynyň finalynda amerikaly Teýlor Fritsi 2 setde-de 6:4-lik hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Ol toparçada-da Fritsi edil finaldaky ýaly edip ýeňipdi. Bu onuň şu ýaryşdaky ilkinji çempionlygydyr. Galyberse-de, bu onuň şu möwsümdäki 8-nji kubogy, karýerasy boýunça-da 18-nji ATP çempionlygy hökmünde hasaba alyndy. Sinner soňky 38 ýylda möwsümiň jemleýji ýaryşynda toparçadaky 3 duşuşygynda (Daniil Medwedew – 6:3, 6:4; Teýlor Frits – 6:4, 6:4; Aleks di Minory 6:3, 64), şol sanda ýarym finalda (Kasper Ruud – 6:1, 6:1) hem-de finalda garşydaşlaryny 2 setde ýeňen, başgaça aýdylanda, ýeke setde hem utulman çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi diýlip bellige alyndy. Soňky gezek Iwan Lendl 1986-njy ýylda şeýle statistika bilen çempionlyk gazanypdy.
ATP sanawynyň 1-nji belgili tennisçisi Ýannik Sinner geçen ýylam finala çykypdy. Ýöne serbiýaly Nowak Jokowiçden asgyn gelipdi. Umumy baýrak gaznasy 15 million 250 müň dollara deň bolan ýaryşda Sinner ýeňiji hökmünde 2 million 237 müň 200 dollar pul baýragyna mynasyp boldy.
Ýaryşda jübütleriň arasynda germaniýaly Kewin Krawiets bilen Tim Puts ikisi ýeňiş gazanyp, olar finalda salwadorly Marselo Arewalo bilen horwatiýaly Mate Pawiçden 7:6 we 7:6 hasaplar esasynda üstün çykdy.
8 ýaryşda ýeňiji boldy
Ýannik şu möwsümde jemi 8 ýaryşda çempion boldy. 14 ýaryşa gatnaşyp, şolaryň 9-synda finalda oýnady. Ol diňe “Hytaý Açyk” ýaryşynyň finalynda ýeňildi. Sinner “ATP Finals” bäsleşiginden öň 2 “Uly tuwalga” (“Awstraliýa Açyk”, “Amerika Açyk”), 3 “Masters” (“Maýami Açyk”, “Sinsinnati Açyk) hem-de 2 “ATP 500” (“Rotterdam Açyk, “Halle Açyk”) ýaryşynda ýeňiş gazanmagy başardy. Ol 70 duşuşykda garşydaşlaryndan üstün çykdy. Ol 2016-njy ýylda Endi Mýurreýden soň bu görkezijä ýeten ilkinji tennisçi boldy. Sinner geçiren duşuşyklarynda 92 göterim ýeňiş gazandy. Ol diňe 6 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.
Sinner geçiren ähli duşuşygynda azyndan 1 setde ýeňiş gazandy. Soňky gezek 2005-nji ýylda Rojer Federer şeýle statistika bilen ýatda galypdy.
Ol ilkinji 10-lukda tennisçiler bilen geçiren duşuşygynda 17 gezek ýeňiş gazanyp, 6 oýunda-da utuldy. Ol Karlos Alkarasdan 3, Daniil Medwedewden, Andreý Rublewden hem-de Stefanos Sisipasdan 1 gezek asgyn geldi.