Möwsümiň iň soňky “Uly tuwulga” ýaryşy “Amerika Açykda” erkekleriň arasyndaky finalçylar belli boldy. 146-njy gezek geçirilýän ýaryşyň ýarym finalynda germaniýaly Aleksander Zwerew bilen russiýaly Karen Haçanow duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşyk 2 sagat 59 minutda Zwerewiň üstünligi bilen tamamlandy. 1-nji setde 6:3 ýeňen Zwerew 2-3-nji setlerde taý-bregiň netijesinde, 7:6 (9:7, 8:6) üstün çykan Zwerew finala adyny ýazdyrdy. Ol 2020-nji ýyldan soň “Amerika Açykda” 2-nji gezek finalda oýnar. Şu wagta çenli diňe “Fransiýa Açykda” çempionlyk gazana Zwerew 6-njy gezek “Uly tuwulga” finalyny oýnar.

Zwerewiň finaldaky garşydaşy amerikaly Ben Şelton boldy. Şelton 3 sagat 18 minutlap dowam eden duşuşykda watandaşy Fransis Tiafony 4 setde ýeňmegi başardy. Şelton 1-nji setde 6:4 utulsa-da, 2-3-nji setlerde 6:3 hasaplar esasynda ýeňiş gazanyp, 4-nji setde 7:5 üstün çykdy. Şeýlelikde, 23 ýaşyndaky Şelton karýerasy boýunça ilkinji gezek “Uly tuwulga” finalyny oýnar. Ol soňky 20 ýylda “Amerika Açykda” Teýlor Fritsden soň finala çykan 2-nji amerikaly tennisçi boldy. Soňky sapar bu ýaryşda erkekleriň arasynda 23 ýyl öň amerikaly – Endi Roddik ýeňiş gazanypdy. Şol bir wagtyň özünde “Amerika Açykda” soňky 18 ýylda erkekleriň arasynda hiç bir tennisçi hem çempionlygyny gorap bilmedi. Soňky gezek Rojer Federer 2004-2008-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 5 çempionlyk gazanypdy. Şondan bäri Rafael Nadal bilen Nowak Jokowiç 4, Karlos Alkaras 2 gezek çempionlyk gazansa-da, olaryň çempionlyklary yzygiderli bolmandy.

Zwerew bilen Şeltonyň arasyndaky final duşuşygy 13-nji sentýabrdan 14-nji sentýabra geçilýän gije ýarygijden soň başlanar.

Ondan öňürti şu gije 01:00-de Ýelena Rybakina bilen Aryna Sabalenka zenanlaryň arasyndaky finalda duşuşarlar.