18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niýaz Çardakliýadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz gezeginde, ilçi Bosniýa we Gersegowinanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat döwlet Baştutanymyzyň oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmaga we kuwwatyny artdyrmaga, döwrebap düzümleri kemala getirmäge, halkymyzyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalara aýratyn üns çekildi. Şeýle-de, ilçi amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň alyp barýan köpugurly işi we düzümi bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçilikler barada durup geçen diplomat iki ýurduň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niýaz Çardakliýa döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S. Muhammetdurdyýew Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Niýaz Çardakliýa bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gepleşikleri ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.