Sankt-Pe­ter­burg bir mil­li­on­dan gow­rak ila­ty bo­lan dün­ýä­niň iň de­mir­ga­zyk şä­he­ri­dir. Şeý­le hem Sankt-Pe­ter­burg Rus­si­ýa­da ila­ty mil­li­on­dan geçen iň gün­ba­tar şä­her­dir. Bu şä­he­r Rus­si­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da, Fin aý­la­gy­nyň ke­na­ryn­da we Ne­wa der­ýa­sy­nyň bo­ýun­da ýer­leşip, Le­ning­rad se­bi­ti bi­len goňşy, şeý­le hem Finl­ýan­di­ýa we Es­to­ni­ýa bi­len de­ňiz ar­ka­ly ser­het­le­ri bar.

Şä­her­de ýyl­da or­ta­ça 62 gün ho­wa gü­neş­li bol­ýar. Ýy­lyň köp bö­le­gin­de bu­lut­ly ho­wa ag­dyk­lyk ed­ýär. Gü­nüň dowamlylygy 22-nji de­kabr­da 5 sa­gat 51 mi­nut­dan 22-nji iýun­da 18 sa­gat 50 mi­nut ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär. Adat­ça, 25-26-njy maý­dan 16-17-nji iýu­la çen­li Sankt-Pe­ter­burg­da «ak gi­je­ler» döw­ri bol­ýar. Bu ýag­daý Gün şöh­le­si­niň de­re­je­si­niň üýt­ge­me­gi bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Ak gi­je­le­r 50 gün­den gow­rak dowam edýär.

Sankt-Pe­ter­burga dün­ýä äh­mi­ýet­li me­de­ni mer­kez, köp­lenç Rus­si­ýa­nyň «Me­de­ni paý­tag­ty» di­ýil­ýär. Şä­her­de 8 müň 464 sany me­de­ni mi­ras ýa­dy­gär­li­gi bar, şol san­da fe­de­ral äh­mi­ýet­li 4 müň 213 sany me­de­ni mi­ras ýa­dy­gär­li­gi bolup, bu Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de döw­let ta­ra­pyn­dan go­ral­ýan ýa­dy­gär­lik­le­riň, tak­my­nan 10 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär.

Sankt-Pe­ter­burg Rus­si­ýa­nyň mö­hüm yk­dy­sa­dy, yl­my we me­de­ni mer­ke­zi­dir. Şä­he­riň ta­ry­hy mer­ke­zi we ýa­dy­gär­lik­ler top­lum­la­ry ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ip, ýurt­da­ky iň mö­hüm sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­rin­den bi­ri­dir. Iň mö­hüm me­de­ni we sy­ýa­hat­çy­lyk ýer­le­ri­niň ara­syn­da Er­mi­taž, Kunst­ka­me­ra, Ma­riins­kiý te­at­ry, Rus­si­ýa­nyň mil­li ki­tap­ha­na­sy, Rus mu­ze­ýi, Pe­tro­paw­lowsk ga­la­sy, Ke­ra­mat­ly Isaa­ki­ýewsk so­bo­ry, News­kiý pros­pek­ti bar.

Şä­her­de 200-den gow­rak mu­zeý we ola­ryň şa­ham­ça­la­ry, üç mil­li­on tö­we­re­gi sun­gat ese­ri we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len bir ha­tar­da Rus sun­ga­ty­nyň iň uly mu­ze­ýi ha­sap­lan­ýan Er­mi­taž, Mer­ke­zi harby de­ňiz mu­ze­ýi, Rus­si­ýa­nyň sun­gat aka­de­mi­ýa­sy­nyň ylmy-barlag mu­ze­ýi, Şä­her heý­kel­ta­raş­ly­gynyň döwlet mu­ze­ýi, Sankt-Pe­ter­bur­gyň ta­ry­hy mu­ze­ýi, Beýik Pýo­tr adyndaky ant­ro­po­lo­gi­ýa we et­nog­ra­fi­ýa mu­ze­ýi (Kunst­ka­me­ra), «Pi­ter­hof», «Ora­ni­en­ba­um», «Sars­koe Se­lo», Paw­lowsk, «Puş­kins­ka­ýa 10» sun­gat mer­ke­zleri, Erar­ta hä­zir­ki­ za­man sun­gat mu­ze­ýi, A.S.Puşkin adyndaky Bü­tin­rus­si­ýa mu­ze­ýi ýer­leş­ýär. Sankt-Pe­ter­burg­da 1100 ki­tap­ha­na bo­lup, ola­ryň ara­syn­da iň ulu­sy Rus­si­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy, Rus­si­ýa­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ki­tap­ha­na­sy, B.N.Ýelsin adyn­da­ky Pre­zi­dent ki­tap­ha­na­sy bar. Mun­dan baş­ga-da, 50-den gow­rak me­de­ni we dynç alyş eda­ra­la­ry we 50-den gow­rak ki­no­teatr bar.

Sankt-Pe­ter­burg­da bir­nä­çe dö­re­di­ji­lik uni­wer­si­te­ti bar: N.A.Rims­kiý-Kor­sa­kow adyn­da­ky Sankt-Pe­ter­bur­gyň döw­let kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy, A.Ý.Wa­ga­no­wa adyn­da­ky Rus ba­le­ti­niň aka­de­mi­ýa­sy, Rus­si­ýa­nyň döw­let sahna sun­gaty ins­ti­tu­ty, Sankt-Pe­ter­burgyň I.E.Repin adyndaky su­rat, heý­kel­ta­raş­lyk we bi­na­gär­lik ins­ti­tu­ty, A.L.Ştig­lis adyn­da­ky Sankt-Pe­ter­burgyň döw­let çe­per­çi­lik we se­na­gat aka­de­mi­ýa­sy, Sankt-Pe­ter­burg sun­gat mek­de­bi, Sankt-Pe­ter­burg döw­let ki­no we te­le­wi­de­ni­ýe ins­ti­tu­ty. Şä­her­de, tak­my­nan 10 ki­nos­tu­di­ýa bar, ola­ryň ara­syn­da iň kö­ne­le­ri «Len­film» we «Len­na­uç­film» bo­lup dur­ýar.

Şä­he­r esas­lan­dy­ry­landa We­ne­si­ýa­dan we Ams­ter­da­mdan nus­ga­ alnypdyr. Şä­her­de gat­naw daş dü­şe­len kö­çe­le­r bilen däl-de, ka­nal­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ma­gy na­zar­da tu­tu­lyp­dyr. Bu şä­her­iň ýa­şaý­jy­la­ry ýe­ňil ga­ýyk­lar­da he­re­ket edip­dir­ler. 1716-njy ýyl­da şä­he­riň il­kin­ji umu­my taslamasyny ital­ýan bi­na­gä­ri Do­me­ni­ko Trez­i­ni taý­ýar­lap­dyr. Us­sat bi­na­gä­riň taý­ýar­lan çyz­gy­syn­da­ky gö­ni kö­çe­ler, giň şa­ýol­lar Sankt-Pe­ter­bur­gyň özboluşly aý­ra­tyn­ly­gy­na öw­rül­ip­dir.