23-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynda ýurdumyzyň ýokary, orta we başlangyç hünär okuw hem-de orta mekdeplerinden 100 sany mugallym wekilleriň gatnaşmagynda SCAFFOLD atly okuw usullary boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň bilim ministrligi we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilýeti tarapyndan Ýewropa bilim gaznasynyň (ETF) “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atky sebitleýin taslamasynyň çäginde gurnaldy. Okuw maslahaty şu ýylyň 18-24-nji noýabr aralygynda Ýewropa bilim gaznasynyň (EFO) Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy K.I. Hemşmaýeriň we DARYA taslamasynyň SCAFFOLD usulyýeti toparynyň agzasy, halkara hünärmen R.Turaýewa-Hýoneniň Türkmenistana saparynyň çäginde alnyp baryldy. Şeýle-de bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň hünärmenleri gatnaşdy.
SCAFFOLD usulyýeti 102 sany ýörite kartlar bilen işlemegi öz içine alýar we mugallymlara meýilnamalaşdyryş işinden baha beriş işine çenli bilim çärelerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu usulyýet mugallymlara öz ukyp-başarnyklaryny zerur okuw we ösüş usullary bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem möhüm başarnyklaryň ähmiýetini nygtaýar. Usulyýet ýaşyl, sanly, durmuş, telekeçilik bilen baglanyşykly başarnyklar bilen işlemegi öz içine alýar. Ösüş meýilnamalaryny döretmek, çylşyrymly meseleleri düzmek we häzirki zaman meselelerini çözmegiň innowasion ýollaryny bilelikde gözlemek pedagogiki modeli talap edýär.
SCAFFOLD okuw prosesini guramaga we okuwçylaryň gazananlaryna baha bermäge kömek edýän maslahatlaryň kömegi bilen okuw sapaklarynyň mazmunyny her bir başarnykda zerur bilimler bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzdaky ýokary, orta we başlangyç hünär okuw hem-de orta mekdepleriniň mugallymlarynyň okatmak we bilim bermek başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin yzygider guralýan taslamalar ýurdumyzda okatmagyň we bilim bermegiň derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagyna hem-de Türkmenistanyň bilim pudagynyň ösmegine örän uly täsirini ýetirýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi