Hytaýyň “Space Transportation” kompaniýasy “Cuantianhou” (adatdan daşary) adyn alan uçaryň ýene bir täze modelini hödürledi. SpaceNews-iň habar bermegine görä, ýakyn geljekde şeýle uçar Pekinden Nýu-Ýorka çenli ýolagçylary bary-ýogy 2 sagadyň dowamynda eltip biler. Täze model Bremende geçirilen “Space Tech Expo & Conference Europe” halkara konferensiýasynda görkezilip, onuň birinji prototipi 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda synagdan geçirilmeklik göz öňünde tutulýar. Adatdan daşary uçaryň tizligi sagatda 4900 km-e ýetip biler. Şeýle hem ol şol bir wagtyň dowamynda sagatda iň ýokary tizlige- 6100 km ýetmäge ukyply bolup, 20 km-den gowrak belentlikde uçup, 3000 km-e golaý aralygy geçer diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Fan Den gürrüň berýär. Kompaniýa 2027-nji ýyla çenli iki ýolagçy gatnatmaga ukyply bolan enjamy döretmegi, ondan soňra hem 50 ýolagça niýetlenen, uzynlygy- 30 metr, agramy- 70 tonna, tizligi bolsa 6100 km-e ýetjek kuwwatly uçaryň has uly görnüşini satuwa çykarmagy hem meýilleşdirýär. Bu barada naked-science.ru ýazýar.
Mährem BABAMYRADOWA,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy