Te­bi­gat­da dür­li geň-taň ha­dy­sa­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Ola­ryň bi­ri hem ýal­dy­ra­wuk tom­zak­lar­dyr. Ylym­da «Lam­py­ri­dae» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu tom­zak­lar maş­ga­la­sy­nyň 2 müň­den gow­rak ag­za­sy bar. Her jan­da­ryň öz duş­man­la­ryn­dan go­ran­mak üçin «ýa­ra­gy» bar. Ola­ryň kä­bi­ri duş­ma­nyn­dan çe­ýe aýak­la­ry bi­len ga­çyp gu­tul­ýan bol­sa, kä­bir­le­ri şah­la­ry bi­len go­ran­ýar. Kä­si er­bet ys ýaý­ra­dyp, öz duş­ma­ny­ny ga­çyr­ýan bol­sa, kä­bi­ri be­de­ni­ni çi­şi­rip, duş­ma­ny­na uly gör­nüp, haý­bat at­ýar. Ýal­dy­ra­wuk tom­zak­la­ryň yşyk­la­rynyň duş­man­la­ry­ny gor­kuz­ma­gy­na peý­da­sy bar. «Lam­py­ri­dae» ga­raň­ky dü­şen­den soň­ra bi­ri-bi­ri­ni ça­gyr­mak, kä­bir mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­mek üçin ýag­ty­lyk sa­çyp baş­la­ýar. Ýa­şyl-sa­ry reňk­li ýag­ty­ly­gy gö­ren beý­le­ki jan­dar­lar bu tomzaklaryň ta­ga­my er­bet­di­r öýdüp, on­dan uzak­laş­mak bi­len bol­ýar­lar. Tro­pik ho­wa­ly bat­ga­lyk­lar­da we to­kaý­lyk­lar­da ýa­şa­ýan ýal­pyl­da­wuk tom­zak­la­ra Awst­ra­li­ýa­da, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da we Ýew­ro­pa­nyň kä­bir ýur­dun­da duş gel­mek bol­ýar.