Häzirki zaman jemgyýetini kompýuter tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, umuman ähli pudaklarda kompýuter tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Göräýmäge, sport oýunlarynda janlylygy we özara bäsdeşligi bilen tapawutlanýandygy üçin kompýuter tehnologiýasyna zerurlyk duýulmajak ýaly. Emma käbir sport görnüşlerinde türgeniň kämilleşmegi üçin kompýuter tehnologiýasynyň ähmiýeti diýseň uly. Meselem, futbolda we basketbolda ulanylýan kompýuterleşdirilen täze enjamlar bellenilen aralyga, bellenilen tizlikde topy zyňmagy ýa-da sportuň käbir görnüşlerinde türgenleşik zallarynyň köpüsiniň sport inwentary hökmünde ulanylmagy türgenleşikleriň hiline täsir edip, netijeliligi artdyrýar. Şeýlelikde, maglumatlar we internet eýýamynda kompýuter tehnologiýalarynyň peýdalanylyşynyň ýaýbaňlanmagy netijesinde, sportuň täze görnüşleriniň emele gelmegine täsir edýär.

Ki­bers­por­tuň dö­reý­şi­ne we ta­ry­hy­na ser sal­sak, bu adal­ga «phy­sical» we «di­gi­tal» di­ýen iň­lis söz­le­rin­den eme­le ge­len «he­re­ket­li san­ly sport» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ki­bers­port – wi­deo oýun­la­ry­ny ula­nyp, bäs­le­şik iş­jeň­li­gi­ne esas­lan­ýan ýe­ke­le­ýin we to­par­la­ýyn sport gör­nü­şi bol­sa, fi­ji­tal-sport – fi­zi­ki we wir­tu­al ba­şar­nyk­la­ry­ňy bir­leş­di­rip bäs­leş­mek­dir. Komp­ýu­ter spor­ty ýa-da elekt­ron sport (e-sport) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ki­bers­por­tuň ta­ry­hy 1997-nji ýyl­dan göz­baş al­ýar. Komp­ýu­ter oýun­la­ry bo­ýun­ça il­kin­ji köp­çü­lik­le­ýin ýa­ryş ge­çen asy­ryň 70-nji ýyl­la­ryn­da Sten­ford uni­wer­si­te­tin­de 25 oýun­çy­nyň gat­naş­ma­gyn­da «Spacewar» oý­nu­ny oý­na­mak ar­ka­ly ge­çi­ril­ýär. In­ter­net ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­me­gi bi­len wi­deo oýun­la­ryň ge­ri­mi has-da gi­ňe­ýär. 2000-nji ýyl­da «Sam­sung Electro­nics» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da spor­tuň elekt­ron gör­nü­şi bo­ýun­ça il­kin­ji ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­ýär.

Ýur­du­myz­da soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de äh­li ugur­lar­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­dy. Esa­san hem, bi­lim ul­ga­my­dyr sport­da teh­no­lo­gik en­jam­lar ar­ka­ly tä­ze­çil çe­me­leş­me­ler ýü­ze çy­ka­ry­lyp, okuw plat­for­ma­la­ry­dyr prog­ram­ma­lar dö­re­dil­di. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­miz bo­lan Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de hem teh­no­lo­gik en­jam­la­ra esas­lan­ýan «Ki­bers­port» mer­ke­zi açyl­dy. Adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, bu mer­kez­de wir­tu­al gi­ňiş­lik­de tür­gen­le­şik­ler we ýa­ryş­lar ge­çi­ri­lip, spor­tuň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek ug­run­da üs­tün­lik­li we ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ta­lyp­lar spor­tuň tä­ze gör­nü­şi bo­lan ki­bers­port ul­ga­myn­da komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dy­ryp, sport hem-de san­ly ul­gam­da­ky ba­şar­nyk­la­ry­ny ber­kid­ýär­ler.

Hä­zir­ki wagt­da spor­tuň elekt­ron ug­ry dün­ýä­niň bir­nä­çe ýurt­la­ryn­da aý­ra­tyn sport gör­nü­şi hök­mün­de ka­bul edi­lip, elekt­ron sport mer­kez­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Spor­tuň en­çe­me gör­nü­şi­niň bol­şy ýa­ly, ki­bers­por­tuň hem bir­nä­çe ug­ry bar. Oňa Do­ta 2, Ro­wa­ýa­ty­lar li­ga­sy, On­laýn gö­reş meý­dan­ça­sy, Ulag ýa­ryş­la­ry, Fut­bol oýun­la­ry ýa­ly ugur­la­ry my­sal ge­tir­mek bo­lar. 2008-nji ýyl­da Ko­re­ýa­da Hal­ka­ra ki­bers­port fe­de­ra­si­ýa­sy (IeSF) dö­re­dil­di. Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan mil­li ki­bers­port fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň 128-si­ni özün­de bir­leş­dir­ýän Hal­ka­ra ki­bers­port fe­de­ra­si­ýa­sy­na 2020-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li elekt­ron sport fe­de­ra­si­ýa­sy (TMeSF) hem gir­di. Bu şat­lyk­ly wa­ka ýur­du­myz­da ki­bers­por­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň «Ki­bers­port» mer­ke­zin­de elekt­ron spor­ty ös­dür­mek, ze­hin­li türk­men tür­gen­le­ri­ni taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net, kuw­wat­ly komp­ýu­ter­ler we wir­tu­al ha­ky­ka­ta esas­lan­ýan en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len bu mer­kez­de elekt­ron spor­ty ös­dür­mek, tä­ze hü­när bo­lan ki­ber­tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak, ki­bers­por­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry dö­ret­mek, ki­bers­por­ty ös­dür­mek we wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler do­wam ed­ýär. Mer­kez­de ýaş ki­ber­tür­gen­le­riň tür­gen­le­şik­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip, olar tür­gen­le­şik­le­re örän uly hö­wes we yh­las bi­len gat­naş­ýar­lar.

Hä­zir­ki wagt­da «Ki­bers­port» mer­ke­zin­de «Do­ta 2», «Coun­ter Stri­ke 2», «E-fut­bol», «E-bas­ket­bol» hem-de ki­bers­por­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça to­par­lar he­re­ket ed­ýär. Bu to­par­lar dür­li de­re­je­li ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, «Do­ta 2», «CS 2» bo­ýun­ça Azi­ýa se­bi­tin­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär­ler. «Coun­ter Stri­ke» bo­ýun­ça ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da uni­wer­si­te­tiň ta­lyp­la­ry­nyň, soň­ra bol­sa Türk­me­nis­tan­da «Dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş: in­no­wa­si­ýa­lar we se­na­gat­laş­dyr­mak» at­ly ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len «Glo­bal Of­fen­sive» we «Do­ta 2» bäs­le­şi­gin­de Mer­ke­ziň tür­gen­le­ri ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­kez­di­ler. Şu ýy­lyň few­ral-mart aýyn­da Rus­si­ýa­nyň Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Gel­je­giň oýun­la­ry» fi­ji­tal-sport ýa­ryş­la­ryn­da ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň «Ki­bers­port» mer­ke­zi­niň ýaş tür­gen­le­ri üs­tün­lik­li çy­kyş edip, elekt­ron sport oýun­la­ryn­da baý tej­ri­be top­la­dy­lar.

Ýur­du­myz­da elekt­ron spor­tuň ös­me­gi, san­ly ul­gam­lar­dan kä­mil baş çy­kar­ýan us­sat hü­när­men­le­riň ýe­tiş­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag­bol­sun­la­ry­my­zy aýd­ýa­rys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­nlary sag, be­lent ba­şlary aman bol­sun.

Hu­daý­ber­di ÖWL­ÝA­KU­LOW,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň matematika mugallymy.