26-27-nji noýabrda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirildi.

Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra fo­ru­ma dün­ýä­niň 40-dan gow­rak ýur­dun­dan 600-e go­laý we­kil gat­naş­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ugur­daş döw­let we hu­su­sy dü­züm­le­riň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da BMG-niň, ÝHHG-niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bar. Şeý­le-de myh­man­la­ryň ara­syn­da «Fly Du­bai», «Car­go Lux», «Luft­han­sa Con­sul­ting» ýa­ly hal­ka­ra lo­gis­ti­ka we eks­pe­di­tor­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Hal­ka­ra ho­wa ulag­la­ry as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IATA), Hal­ka­ra gä­mi­çi­lik eda­ra­sy­nyň (ICS), Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň (IRU), De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (OSJD) we beý­le­ki­le­riň we­kil­le­ri bar.

In­te­rak­tiw ser­gi­de ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da ga­za­ny­lan­lar, ne­ti­je­li we eko­lo­gik taý­dan aras­sa lo­gis­ti­ka üçin çöz­güt­ler, döw­re­bap ulag ul­gam­la­ry­nyň we en­jam­la­ry­nyň äh­li gör­nüş­le­ri, ýük, ýo­lag­çy da­şa­mak bo­ýun­ça hyz­mat­lar, do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry, ulag we lo­gis­ti­ka üçin mag­lu­mat we hyz­mat ul­gam­la­ry gör­ke­zil­ýär.

«Türk­me­naw­tou­lag­la­ry», «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry», «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry», «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry», «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­lik­le­ri­niň pa­wil­ýon­la­ryn­da bu ugur­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­ýär.

Hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Hal­ka­ra mas­la­ha­t­da ýur­du­my­zyň we da­şa­ry döw­let­le­riň ugur­daş dü­züm­le­ri­niň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry çy­kyş et­di­ler. Mej­lis­de ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, tek­lip­ler we bar bo­lan müm­kin­çi­lik­ler, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­me­giň şert­le­ri be­ýan edil­di. Çy­kyş­lar­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň (IRU) Baş sek­re­ta­ry Um­ber­to de Pret­to çy­ky­şyn­da dur­nuk­ly ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­na ba­gyş­la­nan bu mas­la­ha­ta gat­naş­ma­gy­nyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny we ýol­baş­çy­lyk ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Üs­ta­şyr ulag ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li öz­gert­me­ler, şeý­le hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy işe­wür to­par­la­ry bi­len ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si Türk­me­nis­tan bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry art­dyr­ýar.

Um­ber­to de Pret­to Türk­me­nis­tan­da bu ugur­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň türk­men ulag ope­ra­tor­la­ry­na hal­ka­ra ba­zar­la­ra çyk­ma­ga, ola­ryň işi­ni iler­let­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Mi­ros­law An­to­no­wiç şu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­ma­gy­na 30 ýyl dol­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu şan­ly se­ne De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň jo­gap­kär we­kil­le­ri­niň şu ýy­lyň ap­re­lin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len 38-nji mej­li­si­ne ga­bat gel­di. Hyz­mat­daş­lyk döw­rün­de biz Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da bir­nä­çe baş­lan­gyç­la­ry ama­la aşyr­dyk we bu baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­na­şan­dy­gy üçin Türk­me­nis­ta­na ho­şal­lyk bil­dir­mek is­le­ýä­rin di­ýip, M.An­to­no­wiç aýt­dy.

Çy­kyş eden­ler şu ge­zek­ki fo­ru­myň dur­nuk­ly ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag ul­gam­la­ryn­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni giň­den gör­kez­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Soň­ra fo­rum «Ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri we in­ter­mo­dal bag­la­ny­şyk», «Dur­nuk­ly ulag ul­gam­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek» at­ly bö­lüm­çe­ler­de do­wam et­di.

Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň «Hem­me­ler üçin howp­suz ýol­lar» at­ly ýol howp­suz­ly­gy bo­ýun­ça çä­re­si hem ge­çi­ril­di. Çä­rä­niň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne we döw­re­bap inf­rast­ruk­tu­ra­nyň dö­re­dil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Döw­re­bap ulag dü­züm­le­ri äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösü­şiň, yk­dy­sa­dy taý­dan ýa­kyn­laş­ma­gyň we ýük­le­ri aw­tou­lag­lar ar­ka­ly howp­suz da­şa­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar.

Durnukly ulagyň dostlary

toparynyň ikinji ministrler

maslahaty

Dün­ýä­niň 40-dan gow­rak ýur­dun­dan 600-e go­laý we­ki­li bir ýe­re jem­län fo­ru­myň jem­leý­ji gü­nün­de BMG-niň meý­dan­ça­syn­da ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len Dur­nuk­ly ula­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň ikin­ji mi­nistr­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ri­lip, on­da äh­lu­mu­my de­re­je­de dur­nuk­ly ulag ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak we öza­ra tej­ri­be alyş­mak bi­len bag­ly mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar Dur­nuk­ly ula­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, oňa go­şul­mak is­le­gi­ni mä­lim eden tä­ze ag­za ýurt­la­ry ka­bul et­mek me­se­le­si­ne ga­ra­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2021-nji we 2023-nji ýyl­lar­da ka­bul edi­len dur­nuk­ly ulag bo­ýun­ça Ka­rar­na­ma­lar­da ber­ki­di­len we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi hem aý­ra­tyn üns mer­ke­zin­de bol­dy. To­pa­ryň ikin­ji mi­nistr­ler mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Jem­leý­ji Jar­na­ma ka­bul edil­di.