26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi.

Bu mö­hüm çä­rä gat­naş­mak üçin Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry ha­nym Lin Sin, şeý­le-de dost­luk­ly ýur­duň yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ryn­dan, yl­my iş­gär­le­rin­den, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ryn­dan yba­rat we­ki­li­ýet Aş­ga­ba­da gel­di.

Çy­kyş eden­ler düýp­li we ama­ly yl­myň ös­dü­ril­me­gi­niň, hal­ka­ra yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň ga­za­nan­la­ry­ny öw­ren­me­giň, önüm­çi­li­ge in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, gel­je­gi uly iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň is­len­dik döw­le­tiň gül­läp ösü­şi­niň esa­sy­ny düz­ýän­di­gi­ni, adam­la­ryň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni, se­na­gat taý­dan ösüş we oba ho­ja­ly­gy üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan­dy­gy­ny, gel­je­giň bäs­deş­li­ge ukyp­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni eme­le ge­tir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.

Yl­my çy­kyş­lar­da bo­lsa, dür­li ugur­la­ry ös­dür­me­giň na­za­ry we ama­ly ta­rap­la­ry­, Türk­me­nis­tan­da we Hy­taý­da al­nyp ba­ryl­ýan yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň mö­hüm ugur­la­ry­, bäs­deş­li­ge ukyp­ly, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, yk­dy­sa­dy taý­dan ne­ti­je­li ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry dö­ret­me­giň, önüm­çi­li­ge yl­my çöz­güt­le­ri iş­jeň or­naş­dyr­ma­gyň usullary beýan edildi. Türk­men we hy­taý alym­la­ry­nyň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň çäk­le­rin­de gel­jek­ki bi­le­lik­dä­ki yl­my iş­ler üçin hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek ba­ra­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip pi­kir al­şyl­dy. Yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, yl­my-teh­no­lo­gik in­no­wa­si­ýa­lar pu­da­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri baý­laş­dyr­mak döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di.

Fo­ru­myň ikin­ji gü­nün­de iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň we «te­ge­lek sto­luň» ba­şyn­da­ky söh­bet­deş­lik­le­riň bir­nä­çe­si bol­dy. Olar­da yl­my eda­ra­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gel­je­gi uly ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

«Hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar, te­bi­gy çig mal­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mek­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar», «Na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar, tä­ze ma­te­ri­al­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak we ön­dür­mek», «Bio­teh­no­lo­gi­ýa­lar, oba ho­ja­ly­gyn­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar», «Seýs­mo­lo­gi­ýa», «Mag­lu­mat we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry», «Ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar, ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri», «Luk­man­çy­lyk­da we far­ma­ko­lo­gi­ýa­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar», «Yn­san­per­wer ylym­lar» ýa­ly mow­zuk­lar bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Fo­ru­myň jem­le­ri bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di.