Germaniýanyň Týubingen uniwersitetiniň arheologlary Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi bilen bilelikde häzirki Sohag şäheriniň golaýyndaky gadymy Atribis şäherinden gaýanyň ýüzünde ýonulyp gurlan uly daş ybadathanany ýüze çykardylar. Ptolemeý VIII (miladydan öňki II asyr) döwründe gurlandygy çaklanylýan ybadathana gadymy Müsüriň binagärligini we dini ybadatlaryny ýüze çykarýan möhüm açyşdyr.
2012-nji ýylda başlanan gazuw-agtaryş işlerinde eýýäm 51 metr giňlikdäki ybadathana toplumynyň bölekleri ýüze çykaryldy. 18 metr beýiklikdäki girelgämiň agzyndaky diňler bölekleýin saklanyp galypdyr.
Ybadathanaky relýefleriň we ieroglifleriň abat saklanyp galandygyna garamazdan, ybadathana toplumy bölekleýin weýran bolupdyr. Toplumyň umumy ini bolsa 51 metre ýetýär. Minaralaryň birinde arheologlar uzynlygy 6 metr we ini 3 metr bolan otagy tapdylar. Onda ybadathananyň goşlary we amfora küýzeler saklanypdyr. Şeýle hem barlagçylar ýokarky gata çykylýan basgançagy tapdylar.
-Gazuw-agtaryş işleri dowam edýär we öňde has möhüm açyşlaryň boljakdygyna ynanýarys – diýip, professor Kristian Leýts aýtdy. Bu tapyndylar ybadathana binagärçiligini we ptolemeý eýýamynyň dini däplerini öwrenmek üçin täze mümkinçilikler açýar.