ABŞ-da 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky wakalaryň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, 50 sentlik ýadygärlik şaýylyk zikgelendi. Bu barada ýurduň Maliýe ministrligi habar berdi.

Filadelfiýa şäherinde zikgelenen şaýylygyň ýüzünde Azatlyk heýkeli we «Hiç haçan unutmarys. 9.11.01» (Never Forget. 9.11.01) diýen ýazgy ýerleşdirilip, olaryň bahasy degişlilikde, 20 sanysy 40 dollara, 100 sanysy bolsa 100 dollara satylýar.

ABŞ-nyň Maliýe ministri Skott Bessent: «Biz wapat bolanlary ýatlap hormat goýýarys we raýatlarymyzyň janyny halas etmek üçin öz janyny howp astyna goýanlaryň mertligini unutmarys» diýip belledi.