Namibiýanyň wise-prezidenti we dolandyryjy partiýa “SWAPO – Namibiýanyň Günorta-Günbatar Afrika halk guramasy” partiýasynyň dalaşgäri Netumbo Nandi-Ndaitwa 27-nji noýabrda geçirilen Prezident saýlawynda ýeňiş gazandy. Bu barada ýusuň Merkezi saýlaw topary yglan etdi.
“Nandi-Ndaitwa 57 göterim ses aldy” diýip, Namibiýa teleradioýaýlymlar korporasiýasy saýlaw toparynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Mundan öň, hiç wagt Namibiýa zenan ýolbaşçylyk etmändi.
Prezident saýlawlaryna 15 dalaşgär gatnaşdy. Birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgärleriň 50 göterimden gowrak ses almagy hökmany şertdi.
72 ýaşly Nandi-Ndaitwa Afrikanyň iň tejribeli syýasatçylaryndan biridir. Ol ozalky SSSR-de okady we “Kommunistik ýaşlar hereketiniň işi we tejribesi” hünäri boýunça diplom aldy. Soňky ýyllarda Nandi-Ndaitwa dürli hökümet wezipelerini eýeledi, şeýle hem parlamentiň agzasy boldy.