Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşygyň aýratyn hormatyň we dostlugyň nyşanydygyny belläp, sammite işjeň gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de hut öz adyndan we Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Saudyň adyndan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Saud Arabystany bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmenistany we Saud Arabystany Patyşalygyny halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine çemeleşmeleriň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi birleşdirýär. Munuň özi halkara giňişlikde özara tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.
Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki sammitiň hem-de Türkmenistanyň öňe süren anyk teklipleriniň ähmiýetine üns çekildi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda-da gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi halklarymyzyň ýakynlaşmagy, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Çeşme:TDH