Köp jan­dar üçin gyş­da ýe­ter­lik iý­mit tap­mak kyn bol­ýar. Şol se­bäp­den o­la­ryň kö­pü­si gy­şy­na uka gid­ýär­ler. Haý­wan­la­ryň ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­la­mak we gyş­da ar­tyk­maç iý­mit­len­mez­den ýa­şa­mak üçin ýü­rek ur­şu­ny ha­ýal­lat­ma­gy­na «gyş uku­sy» di­ýil­ýär. Kä­bir jan­dar­lar gyş­la­ýan wag­tyn­da he­re­ke­ti­ni ha­ýal­lad­ýan bol­sa, kä­bir­le­ri süý­ji uka gid­ýär­ler. Uk­la­ýan wag­tyn­da o­la­ryň be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy pe­sel­ýär we ýü­rek ur­şy ha­ýal­la­ýar. Şeý­le jan­dar­lar güý­zü­ne has köp iý­mit­le­nip, be­de­nin­de has köp ýag eme­le gel­ýär. Bu ýag jan­dar uzak wagt uka gi­de­nin­de be­de­ni üçin iý­mit bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ýa­gyň iki gör­nü­şi bar – ada­ty ak ýag we go­ňur ýag. Go­ňur ýa­gy bo­lan haý­wa­nyň beý­ni­siniň, ýü­re­giniň we öý­ke­niniň işi örän pe­sel­ýär. Oýan­ma­gyň wag­ty ge­len­de, bu sy­na­la­ry gaý­ta­dan ka­da­ly ýag­daý­da iş­läp baş­la­ýar.
Gem­ri­ji­ler, kir­pi, aýy, pyş­ba­ga, ýar­ga­nat, gur­ba­ga ýa­ly jan­dar­lar çuň uka gid­ýär­ler. Süý­dem­di­ri­ji­ler, süý­re­ni­ji­ler, ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan­lar we hat­da kä­bir mör-mö­jek­ler gy­şy uk­lap ge­çir­ýär­ler. Aýy­lar gyş uku­sy­na gid­ýän jan­dar­la­ryň ara­syn­da has bel­li bol­sa­lar-da, olar hem di­ňe so­wuk wag­ty ýat­ýar­lar. Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­nyň ys­sy ho­wa şert­le­rin­de ýa­şa­ýan aýy­lar uk­la­ma­ýar­lar. Se­bä­bi olar ýy­lyň do­wa­myn­da bol iý­mit­li ýer­de ýa­şa­ýar­lar. Kir­pi, ýar­ga­nat ýa­ly jan­dar­lar her ýy­lyň okt­ýabr-no­ýabr aýyn­dan ap­rel-maý aýy­na çen­li uk­la­ýar­lar. Gem­ri­ji­le­riň kä­bir gör­nü­şi güýz­de ýyg­nan iý­mi­ti­ni gy­şa sak­la­ýar­. Kä­bir mör-mö­jek­ler hem gy­şy­na uk­la­ýar­lar. Ary­la­ryň kä­bir gör­nü­şi ýe­riň aşa­gyn­da hin ga­zyp, gy­şy şol ýer­de ge­çir­ýär.