Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan halkymyz hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy hem halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Ýurdumyza gelen myhmana supra boldan ýazylýar. Bu bolsa ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak halklary agzybirlik, adamkärçilik ýaly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň gatnaşyklary ösýär. Hytaý Halk Respublikasy bilen «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlaryny utgaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hereket edýär. Transmilli gaz geçirijisi boýunça türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilmegi hem däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan, Owganystan, Hindistan, Pakistan we Ýewropa ýurtlary bilen hem dost-doganlyga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň gerimi ýylsaýyn giňelýär.
Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz asudalygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrüldi. Ata Watanymyz häzirki wagtda hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Bitaraplyk bagtyna daýanyp, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamany kabul etdi. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek arkaly sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär.
Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylykly ösüşlere bolan pugta ynamydyr, ähli halklaryň abadançylygydyr, ýurdumyzyň asylly ýörelgesidir. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işler bolsa, halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar.
Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýbölek ŞAMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.