Şu gün Kuala-Lumpurda ilkinji gezek resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.
Däp bolşy ýaly, belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy Kuala-Lumpurdan 20 kilometr uzaklykdaky Malaýziýanyň häzirki zaman dolandyryş merkezi hasaplanýan Putrajaýa şäherinde geçirildi. 1995-nji ýylda esaslandyrylan bu şäherde Premýer-ministriň we Hökümetiň iş kabulhanasy ýerleşýär.
Dostlukly ýurduň Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda guralan resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýlary we geljegi nazara almak bilen, onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara gün tertibiniň gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik ugurda, hususan-da, halkara guramalardyr forumlaryň çäklerinde ählumumy meseleler babatda pikir alyşmagy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Taraplar energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, şunda «PETRONAS» kompaniýasynyň köpýyllyk oňyn tejribesine aýratyn üns çekdiler. Iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň hem uly geljegi bar. Şoňa görä, duşuşykda Türkmen-malaý işewürler geňeşini döretmäge taýýarlyk tassyklanyldy. Şeýle-de ulag, medeniýet, bilim, syýahatçylyk, sport babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.