Angliýanyň Liga Kubogynda (EFL Cup) soňky ýarym finalçy hem belli bolup, 7 goluň geçirilen oýnunda “Tottenham” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedi” ýaryşdan çykardy. Londonlylar Solankeniň (15, 54) hem-de Kulusewskiniň (46) gollary bilen 3-0 öňe saýlandy. 2-nji ýarymda 7 minutda gol salan “Mançester Ýunaýted” Zirkzeeniň (63) hem-de Diallonyň (70) takyk urgulary bilen az-owlak umytlandy. Emma 88-nji minutda Hyn Min Son 4-nji pökgüni gönümel bueçdan urguda “ýunaýtedlileriň” derwezesinden geçirdi. Ewansyň 90+4-nji minutdaky goly skorborddaky hasaby üýtgetse-de, 4-3 hasabynda ýeňiş gazanan “Tottenham” topary boldy.

“Tottenham” topary ýarym finalda “Liwerpul” bilen duşuşar. Beýleki ýarym finalda bolsa “Arsenal” bilen “Nýukasl” özara güýç synanyşar. Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary 7-8-nji ýanwarda, jogap oýunlary 4-5-nji fewralda oýnalar.