25-nji dekabrda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çykyşlarda döwrebap suw arassalaýjy desgany gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Soňra dabara gatnaşyjylar täze desgada ornaşdyrylan enjamlar we olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen desganyň eýeleýän meýdany 8 gektar bolup, ol dolandyryş we suw arassalaýyş binalaryndan, suw durlaýjy howuzlardan hem-de beýleki binalardan ybaratdyr. Bu bolsa ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.