Ozalky tälimçisi Ruben Amorimi “Mançester Ýunaýtede” ugradan Portugaliýanyň “Sporting” topary tälimçisini çalyşdy. 11-nji noýabrda Amorimiň ornuna Žoao Pereýrany tälimçilige bellän klub ýaş hünärmeni şowsuz netijelerden soň ugratmaly boldy. “Sporting” topary Pereýranyň tälimçi bolmagyndan öň çempionatyň ýeňlişsiz lideridi  Häzirki wagtda 2 gezek ýeňlip, 1 deňme-deňlikde soň, 2-nji orna düşen “Sporting” umumylykda 8 oýnuň 4-sinde utulyp, 1-inde deňme-deň oýnan “Sporting” Rui Boržeşi tälimçi edip belledi. 43 ýaşyndaky portugaliýaly tälimçi “Witoriýa de Gimaraýnş” toparyna tälim berip gelýärdi. “Witoriýa” topary onuň tälimçiliginde UEFA Konferensiýa Ligasynda liga tapgyryny “Çelsiden” soň ýeňlişsiz 2-nji orunda tamamlady. 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşylan Boržeş mundan öň “Mirandela”, “Akademika”, “Nasional”, “Wilafankuensa”, “Moreirense” ýaly toparlara tälim beripdi.

Boržeş “Sporting” toparynyň noýabr aýyndan bäri 3-nji tälimçisi boldy.