Köp ýurtda dekabr aýynyň gelmegi bilen seýilgählerde, dynç alyş merkezlerinde we köçeleriň ugrunda Täze ýyl arçalary peýda bolýar. Ilkibaşda alma bilen bezelen arçalar soňlugy bilen oýnawaç dükanlarynyň hödürlemesi esasynda ýalpyldawuk şarjagazlar, oýnawaçlar hem-de ýanyp-öçýän çyrajyklar bilen bezelip başlanýar. Eýsem, arça bezemek däbi nireden gözbaş alýar?
Gadymy döwürlerde adamlar tebigy durmuşda ýaşap, agaçlaryň miwesini iýipdirler, çybyklaryndan çatma, bukalgalar gurupdyrlar, ýyrtyjy jandarlardan goranmak üçin uly agaçlaryň köweginde gizlenipdirler. Umuman, tebigatda adama iň ýakyn zat agaç bolupdyr. Ilkidurmuş adamlary agaçlarda bir güýjüň, gudratyň bardygyna ynanypdyrlar. Ylmyň we medeniýetiň ornaşmagy bilen adamlar tebigy hadysalara has aýdyň göz ýetirip başlapdyrlar. Ýylyň iň uzyn gijesinde gündiziň gijeden üstün çykyp, ýene-de ýaşaýşyň dowam etmegi üçin dileg edipdirler. Bu hadysa 21-nji dekabrda bolup geçip, erteden günler uzalyp başlanypdyr. Olar muňa Gün ýeňiş gazandy diýip düşünipdirler hem-de muny bellemek üçin agaç bezäp, aşagynda her dürli iýmitdir azyk önümlerini goýupdyrlar. Taryhçylar bu ynanjyň ilkibaşda Mesopotamiýada ýüze çykandygyny belleýärler. Assiriýalylar butparazçylyk ynanjyna görä, ýylboýy ýapragyny dökmeýän arça we serwi agaçlaryny hasyllylygyň we bakylygyň nyşany hasaplapdyrlar. Bu agaçlary bezemek bilen öndürijiligiň ýokarlanjakdygyna ynanypdyrlar. Hytaýdyr Müsürde hemişe gök öwüsýän agaçlar diriligiň nyşany hasaplanypdyr. Skandinaw ýurtlary arça bezemek däbini gyş paslynyň gelmeginiň alamaty hem-de guşlar üçin öýjagaz ýasamak diýip düşünýärler. Bezelen agajy tokaýda däl-de, öýüň içinde ýa-da girelgesinde goýmagyň, has köp şowlulyk we bereket getirýändigine ynanypdyrlar.
Taryhdaky iň gadymy Täze ýyl baýramçylygy Wawilonda geçirilipdir. Täze ýyl mart aýynyň ahyryna gabat gelip, öňki ýyllardan galan ösümlikler ýygnalyp, ýere täzeden tohum sepilipdir. Baýramçylyk 11 günläp aýdym-saz we tans dabaralary bilen dowam edipdir. Umuman, Täze ýylda arça bezemek däbi adamlaryň tebigata bolan söýgüsi we baglanyşygy esasynda ýüze çykypdyr.