Dün­ýä­de her ýyl 80 mil­li­on ton­na tö­we­re­gi kon­di­ter önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Me­ge­rem, kem­put­dyr kö­kä­ni ha­la­ma­ýa­ny­ňyz ýok bol­sa ge­rek. Süý­ji önüm­ler, esa­san, şe­ker­çiň­rik­dir ka­kao aga­jy­nyň mi­we­sin­den ön­dü­ril­ýär. Süý­ji iý­mi­tiň ösüm­lik­den alyn­ýan­dy­gy­na ynan­mak kyn. Şeý­le-­de bol­sa, marş­mel­low hem bat­ga­lyk­da ös­ýän «alt­haea of­ficina­lis» gü­lü­niň şi­re­sin­den alyn­ýar. Mult­film­ler­de we ki­no­film­ler­de uzyn çö­püň uju­na mar­me­la­da meň­zeş süý­ji­ni il­di­rip, oda tu­tup otu­ran ça­ga­la­ry gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Dün­ýä­niň köp ýur­dun­da ça­ga­lyk ýyl­la­ry­nyň iň go­wy süý­jü­si hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan marş­mel­low bi­ziň «ho­raz süý­ji­miz» ýa­ly meş­hur­dyr. Eý­sem, çy­by­ga il­di­ri­lip iýil­ýän bu süý­ji nä­hi­li taýýarlanýar?
«Alt­haea of­ficina­lis» Ýew­ro­pa­nyň we Af­ri­ka­nyň bat­ga­lyk­la­ryn­da ös­ýän köp­ýyl­lyk ösüm­lik­dir. Bu ösüm­li­giň kö­ki we bal­da­gyn­da­ky şi­re­si aş­pez­çi­lik sun­ga­tyn­da hem-de mel­hem taý­ýar­la­mak­da peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ga­dy­my ýaz­gy­lar­da bu ösüm­li­giň sag­lyk üçin peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ta­ry­hyň bel­li bir döw­rün­de «alt­haea of­ficina­lis» ösüm­li­gi iý­mit çeş­me­si hök­mün­de hem peý­da­la­ny­lyp­dyr. Bu ösüm­li­giň gü­lün­den al­nan şi­re şe­ker bi­len ga­ry­lan­da ýa­kym­ly süý­jü­lik – marş­mel­low eme­le gel­ýär. Aşa süý­ji bol­ma­dyk marş­mel­low köp ýurt­da bal we hoz ga­ry­lyp taý­ýar­la­nyl­ýar. Azi­ýa we Ýew­ro­pa se­bit­le­ri marş­mel­lo­wyň ata Wa­ta­ny ha­sap­lan­ýar. Bu süý­jü­lik De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka Ga­dy­my Mü­sür­den äki­di­lip­dir.
Hä­zir­ki wagt­ka meň­zeş marş­mel­low süý­jü­li­gi 1800-nji ýyl­la­ryň or­ta­la­ryn­da Fran­si­ýa­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Il­ki­baş­da bu iý­mit «alt­haea of­ficina­lis» ösüm­li­gi­niň kö­kün­den ýen­ji­lip al­nan su­wa şe­ker we ýu­murt­ga­nyň agy­ny go­şup, kö­pür­jik­län­den soň, ga­lyp­la­ra guý­mak ar­ka­ly taý­ýar­la­nyp­dyr. Bu gör­nüş­de taý­ýar­la­ma­sy kyn bo­lan­dy­gy se­bäp­li marş­mel­lowyň tä­ze gör­nü­şi peý­da bol­ýar. In­di bu süý­jü­li­ge mek­ge­jö­wen krah­ma­ly bi­len kök şi­re­sin­den al­nan že­la­tin go­şu­lyp baş­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hem marş­mel­low mek­ge­jö­wen krah­ma­ly, şe­ker we že­la­tin ga­ryn­dy­syn­dan taý­ýar­lan­ýar. Bü­tin dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­za­nan marş­mel­low önüm­çi­li­gin­de Fran­si­ýa, Ang­li­ýa, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka, Tä­ze Ze­lan­di­ýa we Awst­ra­li­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Marş­mel­lowy iň köp im­port ed­ýän ýurt ABŞ ha­sap­lan­ýar.