Ispaniýada, Portugaliýada we Latyn Amerikasy ýurtlarynda Täze ýyl gijesi üzüm ýa-da kişmiş iýilýär.
Italiýalylar ýarygije 12 çemçe gaýnadylan mekgejöwen iýmek bilen Täze ýyly garşy alýarlar.
Amerikanyň günorta böleginde Täze ýyl gijesi däp bolan tagamlaryň biri «Hoppin’ John» iýilýär. Diňe Täze ýyl agşamynda taýýarlanylýan bu tagam pully bolmagyň (baýlygyň) nyşany hasaplanýar.
Fransiýada täze ýyl agşamynda byzmyk iýilýän bolsa, Germaniýada marzipan iýilýär.
Estoniýalylar täze ýylda güýç toplamak we şowlulyk gazanmak üçin 9 ýa-da 12 dürli nahar iýmäge synanyşýarlar.
Niderlandlar Täze ýyl gijesi iň gowy köçe tagamlarynyň biri bolan «oliebollen» iýýärler. Ýagda gowrulýan pişmä meňzeş bu tagamyň içine smorodina ýa-da kişmiş salnyp, üstüne şeker külkesi sepilýär.
Italiýalylar hem Täze ýyly panettone çöregini bişirip garşy alýarlar. 15 santimetre çenli çişýän torta meňzeş gümmezli çöregiň üstüne owradylan maňyz sepilip, lenta bilen «bilinden bogulýar».
Ruslar Täze ýyly ýarygije bolmazdan öň, 12 sekuntlyk dymyp, arzuw etmek arkaly garşy alýarlar.