«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygaryndan ugur alýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz uly ösüşlere barýar.

Türk­me­nis­ta­nyň ag­zy­bir hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny, Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­re go­şant goş­mak hy­ju­wy­ny şöh­le­len­dir­ýän baş­lan­gyç­lar ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň öňe sü­ren, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­syna ag­za döw­let­ler ta­ra­pyn­dan gol­da­nan «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha pug­ta­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň şöh­le­len­me­si bo­lup dur­ýar. Ýü­ze çyk­ýan ýag­daý­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýol­lar we usul­lar ar­ka­ly ka­da­laş­dyr­ma­ga, döw­let­le­riň ara­syn­da yna­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu res­mi­na­ma hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­de pa­ra­hat­çy­lyk dia­lo­gy­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni öňe sür­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de do­wam et­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­ýär.
Ga­raş­syz ýur­du­my­zda ta­ry­hy taý­dan gys­ga möh­le­tiň için­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na da­ýa­nyp, Ýer ýü­zü­niň köp döw­let­le­ri, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na dost­luk­ly, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak, deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň gym­mat­ly tej­ri­be­si top­la­ndy. Tä­ze, 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýen ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly bel­le­ni­len we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça iş­le­re, sy­ýa­sy gep­le­şik­le­riň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň, hyz­mat­daş­ly­gyň esa­syn­da ta­gal­la­la­ry je­bis­leş­dir­mä­ge ýar­dam eder.
Ta­mam­la­nyp bar­ýan ýy­lyň ta­ry­hy wa­ka­la­ry­na ser sa­la­nyň­da, bu ha­ky­ka­ta ma­gat göz ýe­tir­ýär­siň. Ede­bi­ýa­ty­my­zyň par­lak ýyl­dy­zy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­nip ge­çi­len 2024-nji ýyl hem ata Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny, ab­raý-mer­te­be­si­ni be­len­de gal­dy­ran şan­ly ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy.
Şan­ly ýy­ly­my­zyň de­kabr aýy­nyň il­kin­ji gün­le­ri hem ta­ry­hy wa­ka­la­ra baý­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň giň­den bel­le­nil­me­gi Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­ga we yna­nyş­ma­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di. Se­bit­de ýe­ke-täk «akyl­ly» şä­her bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Ýew­ro­pa­nyň Hil bar­lag­la­ry bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň hil bo­ýun­ça baý­ra­gy­na, «Hil saý­la­wy – 2024» ny­şa­ny bo­lan «Dia­mond» de­re­je­si­ne my­na­syp bol­ma­gy, şeý­le-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň önüm­le­ri­ne ha­ryt ny­şa­ny­nyň Bü­tin­dün­ýä In­tel­lek­tu­al Eýe­çi­lik Gu­ra­ma­sy­nyň Hal­ka­ra býu­ro­sy­nyň de­giş­li gü­wä­na­ma­sy­nyň be­ril­me­gi ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da ga­za­ny­lan uly üs­tün­lik­le­riň ýe­ne-de bir aý­dyň ny­şa­ny­dyr.
Her bir gü­ni be­ýik ösüş­le­re, aja­ýyp ýe­ňiş­le­re bes­len­ýän ata Wa­ta­ny­myz­da hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy ha­kyn­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Il al­ky­şyn­dan ýal­ka­nan, döw­ri bi­len gal­ky­nan eziz Di­ýa­ry­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ma­ny-maz­mun­ly da­ba­ra­la­ry bi­len aja­ýyp saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­ýär. Bu bol­sa döw­rü­mi­ze, döw­ra­ny­my­za, gal­ky­nyş­ly gün­le­ri­mi­ze bo­lan buý­san­jy­my­zy art­dyr­ýar.

Jeren ŞA­GU­LY­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.