16-18-nji few­ral ara­ly­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň gü­nor­tasyndaky Mýun­hen şäherinde howp­suz­lyk bo­ýun­ça 54-nji Mýun­hen mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu mas­la­hat­da Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň geosyýasy ýag­da­ýy we beý­le­ki me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns gö­nük­di­ril­di. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da BMG-niň baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­reş, NA­TO-nyň baş sek­re­ta­ry Ýens Stol­ten­berg, Ýew­ro­pa ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Žan-Klod Ýun­ker, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Meý, Uk­rai­na­nyň Pre­zi­den­ti Pýotr Po­ro­şen­ko, şeý­le hem ABŞ-nyň, Rus­si­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň we beý­le­ki döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler we go­ran­mak mi­nistr­le­ri bar. Hy­taý ta­ra­pyn­dan HHR-iň halk we­kil­le­ri­niň äh­li­hy­taý ýyg­na­gy­nyň da­şa­ry iş­ler bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Fu In gat­naş­dy.

17-nji few­ral­da Er­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Serž Sargs­ýan howp­suz­lyk bo­ýun­ça Mýun­hen mas­la­ha­tyn­da çy­kyş edip, Ga­ra deň­iz we Pars aý­la­gy­nyň ara­syn­da tä­ze tran­zit ko­ri­do­ry­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len er­me­ni ta­ra­py­nyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­ler bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Döw­let ýol­baş­çy­sy­nyň aýtmagyna gö­rä, bu tas­la­ma üs­tün­lik­li ama­la aşy­ry­lan ha­la­tyn­da, onuň peý­da­sy örän uly bo­lar. Şeý­le hem ol haý­sy döw­let­le­riň bu me­se­le bo­ýun­ça gep­le­şik­le­re ça­gy­ry­lan­dy­gy­ny bel­läp geç­di. Er­me­nis­tan­da Eý­ran bi­len ara­çäk­dä­ki Meg­ri şä­he­rin­den er­me­ni-gru­zin ara­çä­gin­dä­ki Baw­ra oba­sy­na çen­li 556 ki­lo­metr­den gow­rak uzyn­lyk­da­ky “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta” aw­tou­lag ýo­ly gu­rul­ýar. Ýur­duň ulag, ara­gat­na­şyk we teh­no­lo­gi­ýa mi­nist­ri Wann Mar­ti­ros­ýan tas­la­ma­nyň umu­my ba­ha­sy­nyň iki mil­liard dol­lar­dan hem geç­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di.

17-nji few­ral­da Ko­so­wa özü­niň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 10 ýyl­lygyny bel­läp geç­di. Ýurduň paý­tag­ty Priş­ti­na şäheri Ko­so­wa­nyň gök-sa­ry reňk­li baý­da­gy bi­len zy­nat­lan­dy. Şä­her­de bri­tan pop ýyl­dy­zy Ri­ta Ora­nyň kon­ser­ti gu­ral­dy. Ýurduň premýer-ministri Ra­muş Ha­ra­di­naý öz gut­la­gyn­da “Ko­so­wa döw­le­ti öz hal­ky­nyň azat­lyk ba­ra­da­ky is­leg­le­ri­ne gol­daw ber­di” di­ýip nyg­tap geç­di.

Bol­gar te­leg­raf agent­li­gi şan­ly se­ne­si­ni – 120 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­ni bel­le­ýär di­ýip, BEL­TA agent­li­gi ha­bar ber­ýär. Knýaz Fer­di­nan­do I per­ma­ny bi­len Bol­gar te­leg­raf agent­li­gi özü­niň il­kin­ji mag­lu­mat býul­le­te­ni­ni 1898-nji ýy­lyň 16-njy few­ra­lyn­da çy­ka­ryp, ol gün BTA-nyň esas­lan­dy­ry­lan se­ne­si ha­sap­lan­ýar. Şu gün­ki gün­de BTA-nyň mil­li mag­lu­mat agent­li­gi de­re­je­si bo­lup, onuň adyn­da­ky “te­leg­raf” sö­zi hoş­ni­ýet­li däp-des­sur hök­mün­de sak­lan­ýar. Bol­ga­ri­ýa­nyň te­leg­raf agent­li­gi “Reuters”, “Associated Press” we beýleki ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bi­len iş­jeň ara­gat­na­şyk sak­la­ýar.

Nýu-Ýor­kuň “Ja­wits” mer­ke­zin­de 17-20-nji few­ral ara­ly­gyn­da ýy­lyň iň köp sa­tyl­ýan oýun­jak­la­ry­nyň ser­gi-ýar­mar­ka­sy “Ame­rican In­ter­na­tio­nal Toy Fa­ir” ge­çi­ril­di. “Dür­li oý­na­waç­lar­dan dol­du­ry­lan bu ägirt meý­dan­da ça­ga­lar aja­ýyp duý­gu­la­ry baş­dan ge­çir­ýär­ler” di­ýip, Oý­na­waç as­so­si­a­si­ýa­sy­nyň we­ki­li And­ri­en Apell mä­lim et­di. Bu ýer­de öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­le­riň iň go­wy oýun­jak­la­ry hö­dür­le­nip, olar sa­tyn aly­jy­la­ryň ösen is­leg­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär.

Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň hö­kü­me­ti­niň ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, umu­my bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň baş­lan­gyç synp­ okuwçyla­ry­ny hep­dä­niň do­wa­myn­da diňe 5 gün okat­mak­ göz öňün­de tu­tulýar. Bu ba­ra­da ýur­duň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. 2018-nji ýy­lyň 1-nji mar­tyn­dan baş­lap, mek­dep­ler­de 1-nji synp­da oka­ýan okuw­çy­lar hep­dä­niň 5 gü­ni okar­lar. Ikin­ji synp­dan dör­dün­ji syn­pa çen­li okuw­çy­lar üçin bu düz­gün tä­ze okuw ýy­lyn­dan güý­je gi­ri­zi­ler. Öz­be­gis­tan­yň bi­lim pu­da­gyn­da öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy do­wam ed­ýär. Go­laý­da ýur­duň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan umu­my bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­ler­de oku­wyň möh­le­ti­ni 10 ýyl­dan 11 ýy­la ýe­tir­mek ha­kyn­da ka­rar ka­bul edi­lip­di.