1-nji ýanwarda Döwletliler köşgünde guralan Täze ýyl dabarasynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda ýurdumyzda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek, olara döwrebap bilim almak mümkinçiligini döretmek hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň aýratyn hemaýata mätäç ýaş raýatlaryna yzygiderli üns berilýär. Bu işde türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýörelgeleri bar. Häzirki wagtda şol ýörelgeler howandarlyga mätäç çagalara durmuş goldawyny bermäge hem-de olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen hukuk kepillendirmelerinde öz beýanyny tapýar.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Täze ýyl arçasynyň ýanynda Aýazbaba, Garpamyk we 2025-nji ýylyň nyşany garşyladylar. Dabara Mejlisiň, Halk Maslahatynyň hem-de degişli ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Garaşsyz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary bilen beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilimleri däl, eýsem, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu ýerde çagalar şekillendiriş we saz sungatynyň tilsimlerini ele alýarlar, gurnaklarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň hem-de halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi — “Joşgun” tans topary hem bar.
Çagalar myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik ukyplaryny görkezdiler, dürli yşyklar bilen ýalkym saçýan arçanyň ýanynda goşgy aýtdylar, tans etdiler hem-de mähriban Watanymyzy, hormatly Prezidentimizi, Täze ýyl baýramyny wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Ýaşajyk zehinler Aýazbaba, Garpamyk hem-de ertekileriň gahrymanlary bilen el tutuşyp, arçanyň daşyndan aýlanyp, çykyşlaryny tamamladylar.
Soňra çagalara döwlet Baştutanymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem olaryň döwrebap bilim almaklary üçin interaktiw okuw esbaplary gowşuryldy.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar özleri barada edilýän alada üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler, şeýle hem Täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny we arzuwlaryny beýan etdiler.