«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da­ky be­re­ket­li ýy­ly­myz ta­mam­lan­dy. Tä­ze ýy­ly uly joş­gun bi­len gar­şy­la­dyk. Asyl­ly dä­bi­mi­ze eýe­rip, Tä­ze ýy­ly­my­zy my­na­syp at­lan­dyr­dyk.
Döw­rü­mi­ze şan ber­jek tä­ze ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň, mil­li Li­de­ri­miz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­niň be­lent­di­gi­niň ala­ma­ty­dyr. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ka­bul eden Ka­rar­na­ma­sy esa­syn­da 2025-nji ýy­lyň dün­ýä­de şu şy­gar as­tyn­da geç­jek­di­gi­niň özi hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyzyň pa­ra­sat­ly­lyk bi­len bel­leý­şi ýa­ly, pa­ra­hat­çy­lyk dün­ýä­dä­ki iň uly gym­mat­lyk­dyr.
Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak adam­za­dyň aba­dan gel­je­gi­ni üp­jün et­mek üçin bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly iň gym­mat­ly dü­şün­je­ler bo­lup, ol hä­zir­ki wagt­da döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň hem-de ösü­şiň baş ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­ýär. Türk­me­nis­tan Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne yg­rar­ly bol­mak bi­len, «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» tag­ly­ma­tyn­dan ugur alyp, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Ýur­du­my­zyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy mej­li­si­niň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nyl­ma­gy, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» hem-de «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ryň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi dün­ýä döw­let­le­ri­niň ýur­du­my­za bo­lan yna­my­ny, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­nyň hem-de deň­hu­kuk­ly we öza­ra bäh­bit­li oý­la­ny­şyk­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bol­sa ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň se­bit­de, bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek ba­bat­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gin­den ha­bar ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 25-nji ple­nar mej­li­sin­de «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len­di­gi bu ha­ky­ka­tyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» at­ly aja­ýyp şyg­ryn­da: «Ýur­dum­da adam­za­da be­ýik gel­jek gö­rün­ýär» diý­lip, aý­ra­tyn nyg­ta­lyp ge­çil­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu aja­ýyp şyg­ry dün­ýä­niň pa­ra­hat­ly­gy­ny, aba­dan­çy­ly­gy­ny, as­ma­nyň asu­da­ly­gy­ny, adam­zat nes­li­niň bag­ty­ýar­ly­gy­ny ber­ka­rar et­mä­ge ça­gy­ryş hök­mün­de tä­ze müň­ýyl­ly­gyň pa­ra­hat­çy­lyk se­na­sy­dyr.
Ata Wa­ta­ny­myz bu gün di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kid­ýän, yla­laş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de ta­nal­ýar. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň äh­lu­mu­my yk­rar edil­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň ta­ry­hy tej­ri­be­si we äh­mi­ýe­ti, hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ul­ga­myn­da dost­luk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­dä­ki hyz­ma­ty ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­ýar.
Goý, ba­şy­my­zyň tä­ji­ne de­ňe­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz do­wa­mat do­wam bol­sun! Türk­men hal­ky­nyň ab­raý-mer­te­be­si­niň has-da be­len­de gal­ma­gy ug­run­da uly ta­gal­la ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik baş­lan­gyç­la­ry, döw­let­li iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Mahym NURLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.