Her bir güni ösüş-özgerişlere beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda gurluşyk-binagärlik pudagynda hem uly üstünlikler gazanyldy.
Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň – Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamyna degişli binalar, kuwwatly önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berildi, ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi.
Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, döwrebap senagat we gurluşyk önümçiligine niýetlenen iri kärhanalar gurulýar. Geçen ýyl Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň hersi ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement öndürmäge ukyply bolan ikinji tapgyrlary işe girizildi. Bu önümçilik kärhanalary ýurdumyzyň senagat pudagyny has-da ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi Diýarymyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýol gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny üpjün edýär.
Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy muňa aýdyň mysaldyr.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär.
Gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleriniň, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, telekeçiligi goldamak babatda durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşýandygyny bellemek gerek. Her ýylda paýtagtymyzda we welaýatlarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Şeýle giň gerimli işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, şäherdir obalarda halkara ülňülere laýyk gelýän möhüm düzümleri kemala getirmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň aýdyň netijeleridir.
Giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegleriň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň binýadynda olaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga itergi berdi. Häzirki wagtda türkmen önüm öndürijileri içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň giň görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdular. Hususan-da, sement, armatura, keramzit önümlerini, gurluşykda ulanylýan daşlaryň görnüşleri, kaolin we beýleki önümler bar.
Goý, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Güller Hoşnazarowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.