BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Täjigistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylda kabul edilen karara laýyklykda, 2025-nji ýyl buzluklary gorap saklamagyň Halkara ýyly diýlip yglan edildi. Bu barada BMG-niň “news.un.org” web sahypasy habar berýär.
Buzluklaryň eremegi çynlakaý global meselä öwrüldi: soňky 20 ýylda Gazagystany, Gyrgyzystany we Özbegistany öz içine alýan Günbatar Týan-Şanda buzluklar 27 göterim azaldy. Antarktida her ýylda ortaça 150 milliard tonna buz, Grenlandiýa bolsa 270 milliard tonna buz ýitirýär.
2050-nji ýyla çenli ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň 50 obýektiniň üçden bir bölegindäki çäkleriň buzluklarynyň ýok bolmagyna garaşylýar. Olar her ýyl 58 milliard tonna buz ýitirýär, bu bolsa Fransiýanyň we Ispaniýanyň ýyllyk suw sarp edişi bilen deňdir. Netijede, deňiz derejesi 5 göterim ýokarlandy. Buzluklar suw üpjünçiligi, oba hojalygy we gidroenergetika bilen üpjün etmekde 2 milliard töweregi adam üçin möhüm rol oýnaýar.
14 müň buzlukdan müňden gowragynyň erän ýeri Täjigistanda bu mesele örän ýiti duýulýar. Ýurduň buzluklary Merkezi Aziýanyň suw gorlarynyň 60 göterimini üpjün edýär. Buzluklary gorap saklamagyň Halkara ýyly, buzluklaryň ähmiýeti we olary geljekki nesiller üçin goramagyň zerurlygy barada düşünjäni artdyrmagy maksat edinýär. Şu ýyl Täjigistanda bu meselä bagyşlanan maslahat guralar.