Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw topary 11-nji aprelde geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin “Eni Azerbaýjan” partiýasy tarapyndan Ilham Aliýewiň dalaşgärligini bellige aldy. Ilham Aliýewiň dalaşgärligini bellige almak üçin MST-e saýlawçylaryň jemi 45 müň goly hem-de degişli resminamalar hödürlendi. 56 ýaşly Ilham Aliýew – 2003-nji ýylyň 31-nji dekabryndan bäri ýurduň Prezidentidir.
Özbegistanyň “Jahon” habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, şu ýylyň 5-8-nji iýuny aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek we Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi” atly halkara forum geçiriler. Bu forumyň guramaçylary bolup, Özbegistanyň hökümeti we Merkezi Aziýanyň sebit boýunça ekologik merkezi çykyş eder.
Ýewropanyň iň tejribeli syýasatçysy Silwio Berluskoni syýasata gaýdyp gelýär. Ol dört sapar premýer-ministr saýlandy. Onuň “Öňe, Italiýa!” atly partiýasy ýene-de saýlawlara gatnaşýar we ýeňiş gazanmaga oňat mümkinçiligi bar. Häzirki wagtda 81 ýaşly Berluskoniniň birgiden irnik meýilnamalary bar. Onuň Brýusselde gyzgyn garşylanmagy Ýewropada täsirli şahsyýet hökmünde tanalýanlygyndan habar berýär.
Ispaniýanyň paýtagty Madridde 20-23-nji fewral aralygynda “Tehnologiýalar, enjamlar we howpsuzlyk ulgamy – 2018” atly halkara sergi geçirilip, onda ýangyn howpsuzlygy tehnologiýalary, tebigy hadysalarda halas ediş serişdeleri, wideogözegçilik enjamlary we maglumat howpsuzlygynda ulanylýan enjamlar we tehnologiýalar görkezildi. Her ýylda geçirilýän serginiň geçen ýylkysyna 570 kompaniýa gatnaşypdy. Şeýle hem dünýäniň 76 ýurdundan ýüzlerçe hünärmen gatnaşdy.
Germaniýanyň kansleri, Konserwatiw partiýa – Hristian-demokratik bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Angela Merkel golaýda Hristian-sosial bileleşigiň hem-de Sosial-demokratik partiýanyň koalision ylalaşygyny makullady. Angela Merkeliň ýolbaşçylyk edýän bileleşiginiň Berlinde geçiren partiýa gurultaýynda oňa gatnaşyjy wekilleriň aglabasy kabul edilen koalision ylalaşyga ses berdiler. Ylalaşyga laýyklykda, täze hökümetde kansleriň wezipesinde Merkel galar.
Mongoliýanyň ykdysadyýeti 2017-nji ýylda 5,1 göterim ýokarlanyp, bu daşary ýurt maýadarlaryna gönüden-göni ynamy dikeltmäge ýardam berdi diýlip, Mongoliýanyň Merkezi bankynyň beýannamasynda mälim edilýär. Mongoliýanyň eksporty 2017-nji ýylda ilkinji gezek 6 milliard dollara ýetip, daşary söwdanyň saldosy (girdeji we çykdajynyň arasyndaky tapawut) 1,9 milliard dollara barabar boldy. Şunuň bilen birlikde Mongoliýanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalarynyň göni akymy 1,2 milliard dollardan ybarat boldy.
Günorta Afrika Respublikasynyň Maliýe ministrliginde 2018-nji ýylyň býujeti hakynda habar berildi. Oňa laýyklykda, öňünden hasaplamalara görä, GAR-yň ykdysady ösüşi 2017-nji ýylda 1 göterime deň bolup, 2018-nji ýylda 1,5 göterim, 2020-nji ýylda bolsa, 2,1 göterim ösüşe garaşylýar. GAR-yň maliýe ministri Malusi Gigaba oba hojalygynyň ýokary depginli ösüşiniň ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy özenidigini belledi. Mundan başga-da, soňky birnäçe aýyň içinde daşary ýurt maýadarlarynyň Günorta Afrika Respublikasyna gyzyklanmasy has-da ýokarlanýar.
Serbiýanyň paýtagty Belgradda 23-25-nji fewral aralygynda 40-njy Halkara syýahatçylyk sergisi geçirilip, oňa dünýäniň 55 ýurdundan 1,2 müň syýahatçylyk agentlikleri, syýahatçylyk assosiasiýalary, oteller we awiakompaniýalar gatnaşdy. Onuň açylyş dabarasynda çykyş eden Serbiýanyň premýer-ministri Ana Brnabiç öz ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bütin dünýäniň ykraryýetine mynasyp bolandygyny nygtady. Şeýle hem syýahatçylyk pudagyna sermaýa goýmagyň uly girdejileri getirýändigini, hem-de öz ýurdunyň häzirki wagtda köp sanly syýahatçylyk taslamalaryny taýýarlaýandygyny belledi.