Ermenistanda geçirilen saýlawlarda Ermenistanyň Beýik Britaniýadaky ozalky ilçisi Armen Sarkisýan ýeňiş gazandy. Ol 1996-1997-nji ýyllarda ýurduň premýer-ministri wezipesini ýerine ýetiripdi. Täze Prezident häzirki döwlet ýolbaşçysy Serž Sargsýanyň ygtyýarlyklary tamamlanandan soň, 9-njy aprelde öz wezipesine girişer. Bilşimiz ýaly, häzirki döwlet ýolbaşçysy Serž Sargsýan 2008-nji ýylyň baharynda bu wezipä saýlanypdy. Armen Sarkisýan Respublikan partiýasy we “Daşnaksutýun” ermeni ynkylap federasiýasynyň birleşigi tarapyndan hödürlendi. Parlamentiň 90 wekili razylygyny, 10-sy bolsa, garşylygyny bildirip, ses berdiler.
– Men öňümizdäki ýedi ýylyň içinde Ermenistanyň Prezidenti wezipesinde uly işleri berjaý etmegi meýilleşdirýärin – diýip, saýlawlardan soň Armen Sarkisýan belläp geçdi.
Serž Sargsýanyň prezidentlik ygtyýarlyklary tamamlanandan soňra, Ermenistan Parlament respublikasy gurluşyna geçip, onuň baştutany premýer-ministr bolar. Bilermenler Armen Sarkisýanyň syýasatçy, diplomat, işewür hökmünde, şeýle hem onuň Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bilen gyzyklanmalaryny nazara alyp, özüniň tejribesini ýurda maýa goýumlaryny çekmäge peýdalanjakdygyny öňe sürýärler.
Armen Sarkisýan eýýäm bu mowzuk boýunça pikirini aýdyp, Ermenistanyň Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girmegini we Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky çarçuwaly ylalaşyga gol çekilmeginiň dogry ädimdigini mälim etdi. Şeýle hem, onuň sözlerine görä, Ermenistanyň “Tehnologiýa merkezi” bolmagy üçin ähli mümkinçilikler bar.