Çüýşäniň içine hat ýazyp, ony deňze oklap, onuň ýetirilmek islenilýän adamyna gowuşmagyny tolkunlara “ynanmak” irki döwürlerden bäri deňizçileriň we balykçylaryň endigi bolsa gerek. Golaýda Awstraliýada deňiz kenaryndan tapylan çüýşäniň içinden 1886-njy ýylda ýazylan hat çykdy. Ýagny, ol mundan 132 ýyl ozal ýazylypdyr. Hat “Paula” atly nemes gämisinden Hindi ummanynda suwa taşlanan eken. Ummany öwrenmek bilen meşgullanýan hünärmenler suwuň akymyny has takyk anyklamak maksady bilen ony deňze taşlapdyrlar. Çüýşäni tapan Tonýa Illman ilki onuň nämedigine düşünmändir. Ol bu çüýşäni kitap tekjesini bezemek maksady bilen öýüne getiripdir. Onuň içinde hat bardygyny bolsa, öýüne gelen myhman gyz aňypdyr. Illman hatyň daňlyp çüýşäniň içine salnandygyny we onuň çyg çekendigini aýdýar. Hatyň bardygy belli bolandan soňra ony Günbatar Awstraliýa muzeýiniň hünärmenlerine gowşurypdyr. Hünärmenler bu çüýşäniň suwa atylanyndan bir ýyl geçenden soň, kenara gelip ýetendigini belleýärler. Emma ol gumuň aşagynda gömlüp bir asyrdan gowrak ýatypdyr. Hatda ony tapan adamyň özüne iň golaý Nemes deňiz barlaglary merkezine ýa-da diplomatik wekilhanasyna eltilmegi haýyş edilýär.
Mundan ozal, 2005-nji ýylda Germaniýada tapylan çüýşedäki hat bolsa, şondan 108 ýyl ozal, deňze atylan eken.